Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti öz işine başlady. Bu halkara möhüm duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary bardylar.
“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän häzirki zaman “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi.
Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň iň şowhunlylarynyň biri boldy.