Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň işgärleriniň adyndan we hut öz adymdan döwlet baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul ediň!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçiriýän ulag syýasaty, döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamyndaky başlangyçlary ulag we logistika pudagynda global ösüşiň ugruny döredýär.
Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy.
Ilki bilen, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki birinji sammiti çagyrmak başlangyjy, myhmansöýerligi hem-de netijeli işlemek üçin döreden şertleri üçin Onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine minnetdarlyk bildirýärin.