Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Çap edildi 18.05.2023
1853

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň ýanynda we Baş baýdagyň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz ýurdumyzyň baş döwlet nyşanlary bolmak bilen, halkymyzyň mizemez jebisligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Bularyň hemmesi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, halkara jemgyýetçiligiň ählumumy goldawyna eýe bolan içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlagynda: “Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki, welaýatlaryň merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli baýdak meýdançalary bu gün Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar” diýip belleýär.

Gutlagda nygtalyşy ýaly, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda, toý-baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary derejede geçirmekde toplan tejribämize daýanyp, Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde belleýäris. Şanly wakalar bilen şöhratlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize eýerilip, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň binýatlaryny has-da berkitmegiň ýolunda täze ädim boldy.

...Ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.

Parlaýan ýaşyl baýdaklar, al-elwan güller, adamlaryň ýüzündäki şatlyk duýgulary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu baýramçylyk Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar, halkymyzy has belent sepgitlere ruhlandyryp, onuň jebisligini pugtalandyrýar.

Konstitusiýa binasynyň ýanynda Watan goragçylary nyzama düzülipdir. Ýaş nesliň wekilleriniň ellerinde baýdaklar bar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Gahryman Arkadagymyz özygtyýarly Watanymyzyň döwlet binýatlarynyň, demokratik esaslarynyň we häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýän köpasyrlyk halk häkimiýetliligi däpleriniň mizemezligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül dessesini goýýar. Soňra dabara beýleki gatnaşyjylar hem bu bina gül desselerini goýdular.

Türkmenistanyň Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edip, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň ygtybarly kepili, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan hem-de Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň berk hukuk binýady bolup çykyş edýär. Pederlerimiziň Watany söýmek, oňa wepaly bolmak barada bize galdyran wesýetleri Esasy Kanunymyzda baş pikir hökmünde öz beýanyny tapdy. Şoňa görä-de, bu gün halkymyz özüniň gadymy taryhynyň beýikdigine düşünmek bilen, pederlerimiziň parasatly wesýetlerine sarpa goýýar.

Konstitusiýa binasynyň öňi al-elwan güller bilen bezeldi. Munuň özi halkymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjynyň, berkarar we asuda döwletimizde erkin ýaşaýan, zähmet çekýän ildeşlerimiziň bagtyýarlygynyň özboluşly nyşany boldy. Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän 133 metrlik baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdançada dowam etdirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Baş baýdagy belentde parlaýar.

Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň birinde dikilen Döwlet tugumyz şäheriň islendik ýerinden diýen ýaly görünýär. Ol belentde parlamak bilen, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwürleriň we nesilleriň dowamatlylygyny, halkymyzyň baý taryhyny, medeniýetini, parasatly durmuş filosofiýasyny, şöhratly geçmişini, häzirki gününi we röwşen geljegini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül dessesini goýýar. Soňra asylly däbe eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem bagtyýar durmuşyň nyşany bolan Baş baýdaga gül desselerini goýýarlar.

Milli taryhymyzda çuň kökleri bolan mukaddes tugumyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasata, durmuş-ykdysady nusga bolan özygtyýarlylygyny we hukugyny alamatlandyrýar. Halkymyz hemişe öz baýdagyna aýawly garapdyr. Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, adam terbiýesi, ýurt baýdagy bilen tanalýar. Bu jümlede aýratyn many bar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýaşyl tugy Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, dostlukly gatnaşyklara, sebit hem-de dünýä derejesinde hyzmatdaşlyga ygrarly döwletiň nyşany bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çäresiniň dowam edýän pursatlarynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen söhbetdeş boldy. Gahryman Arkadagymyz çeper döredijilikde köpleriň halypasy saýylýan şahyr zenany şanly baýram bilen gutlap, oňa ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabaralara işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gözel Şagulyýewa hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýdyp, döwlet derejesinde geçirilýän dabaralara gatnaşmagyň özi üçin beýik mertebedigini nygtady.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy tutuş dünýäde giňden bellidir. Onda milli äheňler umumadamzat ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly utgaşyp, çuňňur mana eýe bolýar we halkymyzyň geljege bolan garaýşyny beýan edýär. Ýaşyl ýüpek parçada dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatymyzyň nyşanlary bolan haly gölleri, rowaçlygyň we parahatçylygyň nyşanlary bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy, agzybirligi, durmuşy alamatlandyrýan ýarymaýyň hem-de bäş ýyldyzyň şekilleri ýerleşdirilipdir.

* * *

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gökderede ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy. Bu çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Gahryman Arkadagymyz diplomatik wekilhanalaryň wekillerini mübärekläp hem-de ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetli baýramçylyk çärelerine gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegini maksat edinýändigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu gezekki baýramçylygyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, özygtyýarly döwlet ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýän ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onuň dowamynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerine bagyşlanan aýdym-sazlar ýaňlandy.

* * *

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreler halkymyzyň mizemez jebisliginiň we agzybirliginiň, merdana pederlerimiziň parasatly wesýetlerine ygrarlydygynyň aýdyň nyşany boldy. Dabaralara gatnaşyjylaryň ruhubelentligi bolsa ildeşlerimiziň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan çäksiz buýsanjyny açyp görkezdi.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow