Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän häzirki zaman “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ähli amatlyklary bolan 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.
Çärä Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, ýokary derejeli dynç alşynyň we öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Adamlar hakyndaky alada, halkymyzyň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgede öz beýanyny tapýar. Munuň özi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Kerwenli dowamat” hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda bina eden döwrebap ýaşaýyş jaýynyň mysalynda aýdyň görünýär.
Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan deputatlary üçin niýetlenendigini bellemeli. Munuň özi halkyň saýlan wekilleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň döredijilikli, netijeli zähmet çekmekleri üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygynyň beýanydyr.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabara gatnaşyjylar häzirki döwrüň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň eýýamyna öwrülendigini aýratyn buýsanç bilen nygtadylar.
Hormatly Arkadagymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny, şu gün hem ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenip geçilýändigini, şeýle toýly günlerde Diýarymyzyň dürli künjeginde ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik hem-de beýleki durmuş maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Bu gün bolsa ak şäherimiz Aşgabadyň täze emele gelen we depginli ösýän ýaşaýyş toplumlarynyň biri bolan “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýurdumyzyň parlamentiniň agzalary üçin niýetlenen 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynyň geçirilýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda buýsançly dabaralar bilen bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda Mejlisiň deputatlary üçin gurlan ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalar adam hakdaky aladalar bilen döwleti dolandyrmakda toplanan gymmatly tejribäniň esasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň uly üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Döwlet ähmiýetli we her bir adamyň bähbitlerinden ugur alýan giň gerimli işler maksatnamalar esasynda durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2022-nji ýylyň fewralynda geçirilen taryhy mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” kabul edildi. Bu Maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatda öz aýdyň beýanyny tapýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň ilatyň durmuş derejesini, şol sanda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini belläp, munuň şeýledigine diňe bir paýtagtymyzyň çäginde däl, eýsem, Diýarymyzyň dürli künjeginde yzygiderli ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylmagynyň mysalynda äşgär bolýandygyny nygtady. Munuň özi ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülen Garaşsyz ýurdumyzda her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklaryny amala aşyrmakda döwlet goldawyna bolan konstitusion hukugynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ileri tutulýandygyny we adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini görkezýär.
Bu gün gysga döwrüň içinde biz hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Bu çuňňur manyly, anyk maksatly işleriň Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: “Her bir maşgalany häzirki zaman öýi we jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýip aýdanlarynyň adam mertebesiniň belentde tutulmagy esasynda durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyň subut edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ýurdumyzda oýlanyşykly işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän maksatnamalarda her bir adamynyň amatly ýaşaýyş şertlerine bolan hukugy bilen bir hatarda, döwletiň häkimiýet edaralarynyň işine aýratyn üns berilýär. Şeýlelikde, döwlet gullukçylarynyň döredijilikli işlemegi, durmuşy we amatly şertlerde ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary üçin gurlan ýaşaýyş jaýynyň hem şu maksatlara gulluk etjekdigine ynam bildirip, Milli Liderimiz “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň paýtagtymyzda gurulýan täze toplumlaryň biridigini hem-de bu toplumyň çäginde adamyň ýaşaýşy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy.
Toplumyň çäginde orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş zolaklary, metjit, söwda nokatlary, dürli harytlary hödürleýän bazar we beýleki binalar guruldy, ulag-aragatnaşyk ýaly hyzmatlar ulgamy döredilip, halkyň hyzmatyna berildi.
Aşgabadyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylmagynyň Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarynyň we belent maksatlarymyzyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýynda ýaşajak deputatlaryň mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny has-da gowulandyrmak, döwlet berkararlygyny pugtalandyrmak, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk esaslaryny üpjün etmek işlerinde tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de depginli ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, döwrebap ýaşaýyş jaýyna göçüp gelýän deputatlara, olaryň maşgala agzalaryna jaý toýlarynyň gutly bolmagyny, ýurtlarynyň garşy almagyny, rysgally, döwletli we bereketli jaý bolmagyny arzuw etdi.
Soňra täze ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş etdi. Ol sözüniň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary Watanymyzyň mizemez esaslaryny, demokratik gurluşyny, milli döwletliligiň däplerini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, şunuň bilen birlikde, täze ýaşaýyş jaýynyň açylmagy bilen gutlady.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni türkmen halkynyň milli ruhunyň galkynan güni hökmünde taryha girdi. Konstitusiýa ýokary depginler bilen ösýän, kuwwatly we berkarar döwletimiziň gazananlarynyň hukuk binýady bolup durýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär diýip, Mejlisiň Başlygy sözüni dowam etdi. Şanly senäniň Mejlisiň deputatlary üçin aýratyn ähmiýetli bolandygyny belläp, ol deputatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin oňaýly mümkinçilikleri döretmek baradaky döwlet derejesindäki aladanyň aýdyň nyşany bolan, ähli amatlyklary özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaýyna göçüp gelen deputatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarynyň çäksizdigini aýratyn nygtady. Munuň özi olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterdi.
Täze ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegine türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak pata bermeginiň deputatlar üçin bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgadyna öwrülendigini aýdyp, D.Gulmanowa Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza Mejlisiň deputatlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty G.Aşyrowa söz berildi. Ol, öňi bilen, hemmeleri ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan goşa baýram hem-de deputatlaryň durmuşynda aýratyn ähmiýetli bolan täze jaýyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ol häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny belledi. Şunda täze taryhy döwürde amala aşyrylýan beýik işlere, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, ähli halkymyz üçin bolşy ýaly, deputatlar üçin hem uly mertebe bolup durýar. Şeýle-de deputat Aşgabadyň gözel künjekleriň birinde ýerleşýän “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň çäginde Mejlisiň deputatlary üçin ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň ýatdan çykmajak pursatlara öwrülendigini, bu çözgüdiň özlerini mundan beýläk-de beýik işlere, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygyny nygtady we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ähli deputatlaryň adyndan sagbolsun aýtdy.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam edýän dabaranyň şatlyk-şowhuny has-da belende göterildi. Dabara gatnaşyjylar täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser edenleri tüýs ýürekden gutladylar. Göçüp gelen maşgala agzalary hemmeleri täze jaýlary görmäge we bagtyýar ojaklaryna myhman bolmaga çagyrdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar täze jaýyň otaglarynyň ýerleşdirilişi, olarda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş jaýynda döredilen amatlyklar bilen tanyşlygyň dowamynda Mejlisiň deputaty B.Hajymämmedowyň maşgalasynyň göçüp gelen öýüne bardy.
Gahryman Arkadagymyz täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalany goşa toý bilen gutlady we öýüň otaglarynyň ýerleşdirilişi, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, aşhanasynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň dürli künjeginde halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli durmuş maksatly binalaryň açylyş dabarasyny guramak asylly däbe öwrüldi. Ähmiýetli waka mynasybetli guralýan dabara Diýarymyzda beýik işleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar maşgalanyň agzalary toý saçaklaryny giňden ýazyp, myhmanlary güler ýüz bilen garşyladylar. Şeýle hem olar özleriniň döwrebap ýaşaýşy babatda döredilýän şertleri üçin ýene bir ýola Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Milli Liderimiz maşgala agzalaryny ýene-de bir gezek gutlap, türkmen halkynyň “Ýagşy niýet — ýarym döwlet” diýen parasatly jümlesinden ugur alyp, amala aşyrylýan ähli işlerde halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Hormatly Arkadagymyz bagtyýar maşgalanyň çagalary bilen hem söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, aýratyn höwes bildirýän dersleri, geljekki arzuwlary bilen ýeke-ýekeden gyzyklandy. Agzybir maşgalanyň ýedi çagasy bar. Bagtyýar maşgalanyň nesilleri özleriniň höwes edýän hünärleri, aýratyn gyzyklanma bildirýän dersleri barada gürrüň berdiler we Gahryman Arkadagymyza uly buýsanç bilen joşgunly goşgularyny aýdyp berdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary we sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy we bagtyýar maşgalanyň çagalaryna toý sowgatlaryny paýlady. Şeýle hem bu ýerde täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden deputatyň maşgala agzalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat gowşuryldy.
Soňra öý eýeleri Gahryman Arkadagymyzdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öý eýelerini täze jaý bilen ýene bir ýola gutlap, täze öýüň döwletli, bereketli bolmagyny, maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşyny arzuw etdi.
Öý eýeleri hormatly Arkadagymyzyň gelip, täze jaý bilen gutlamagynyň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtap, türkmen halkynyň Milli Liderine toý düwünçegini gowşurdylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.
Milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda gurlan täze ýaşaýyş jaýy şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bolsa bu künjegiň gözelligini has-da artdyrdy.