Sizi güneşli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar.
“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine 4 sany “Boeing 737-8” kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini hem-de işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany we hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz hem-de zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün paýtagtymyzda 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.