Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Çap edildi 22.04.2026
33

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýet agzalary!

Çykyşymyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Biziň esasy maksadymyzyň halklarymyz üçin örän möhüm bolan wezipeleriň ikinji derejä geçirilmegine ýol bermezlikden, gaýtam, sebitde halkara hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş gurallaryny gorap saklamakdan hem-de ösdürmekden ybaratdygyna ynanýaryn.

Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň sebitinde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň mertebe işimiz, syýasy we ahlak jogapkärçiligimizdir. Şol bir wagtyň özünde ol möhüm ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin ýurtlarymyzyň hem-de halkara hyzmatdaşlarymyzyň ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, diplomatik tagallalaryny birleşdirmek we ulanmak babatda umumy borjumyzdyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini, halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr institutlary bilen özara gatnaşyklary anyklaşdyrmaga hem-de utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatmagy ýerlikli hasaplaýaryn. Hususan-da:

— ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi;

— Türkmenistan ilkinji gezek «Rio+20» sammitinde beýan eden “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” (UN SPAS) döretmek baradaky teklibini ilerletmek bilen, 2019-njy ýylda ýurdumyz bu maksatnamanyň taslamasyny BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasyna (UN ESCAP) hödürledi. Soňra şol komissiýanyň 79-njy sessiýasynda «Aral deňziniň basseýni üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine garamak» atly Kararnama kabul edildi;

— ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynda halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Aral deňziniň basseýniniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyry (ADBM — 4) işlenip düzüldi.

Sebitiň ekologik meseleleri boýunça halkara tagallalary birleşdirmek ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ýakyn wagtda ol Aşgabatda öz işine başlar.

Aral meselelerine garanymyzda, biz olary çölleşme, buzluklaryň eremegi, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak we beýleki birnäçe möhüm ekologik wehimlerden aýra göz öňüne getirip bolmaz diýen ýörelgeden ugur alýarys. Biziň çuňňur ynamymyza görä, ekologik howpsuzlyk meselelerine Merkezi Aziýanyň durmuş hem-de ykdysady abadançylygyny, sebitiň ösüşiniň we rowaçlygynyň kesgitleýji şerti hökmünde ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy üpjün etmek boýunça umumy wezipäniň aýrylmaz bölegi hökmünde bitewülikde garamak zerurdyr. Hut şeýle çemeleşme ygtyýarymyzdaky ähli serişdeleri has netijeli ulanmaga, esasy ugurlarda ünsi jemlemäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ekologik wehimlere garşy milli çemeleşmeleriň sazlaşygyny üpjün etmegi, özara hyzmatdaşlygyň sebit gurallarynyň, hususan-da, daşary syýasat we pudaklaýyn edaralaryň ugry boýunça utgaşdyryjy wezipeleri ep-esli güýçlendirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Şeýle hem bu işde AHHG-nyň utgaşdyryjy ornunyň ýokarlandyrylmagy möhümdir.

AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işimiziň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip edýäris. Bu işi esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyklykda tamamlamagy hem-de Aral deňziniň sebitiniň köp sanly meselelerini çözmek bilen bagly taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary, donorlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döretmegi dogry hasaplaýarys.

Biz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen özara hyzmatdaşlygynyň derejesini düýpli hem-de hil taýdan ýokarlandyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys. Şu maksat bilen, Türkmenistan dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip edýär.

Sözümiň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlaýaryn. Hormatly Şawkat Miromonowiç, Size öňde duran işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe Araly halas etmegiň halkara gaznasynda netijeli we üstünlikli başlyklyk edendigi, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisini ýokary derejede geçirendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmäge we hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň!

(Astana şäheri, 2026-njy ýylyň 22-nji apreli)

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow