Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
Çap edildi 09.06.2023
1854

Mähriban uçurymlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini hem-de işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany we hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz hem-de zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu günki gün Watan goragynda täze menzillere gadam goýmak bilen, siz eziz Diýarymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini pugta berjaý etmek, milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini goramak, jemgyýetimizde kanunyň hökmürowanlygyny dabaralandyrmak ýaly mukaddes borçlary egniňize alýarsyňyz. Siziň merdanalygyňyz, tutanýerliligiňiz, edermenligiňiz, ýokary bilimiňiz, hünär ussatlygyňyz ata Watanymyzyň kuwwatydyr, döwletimiziň mizemezligidir, jemgyýetimiziň asudalygydyr, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesidir. Siziň ata Watanymyz Türkmenistanyň goragynda sarsmaz gala, polat galkan bolup durjakdygyňyza, il-günümiziň asudalygyny, mukaddes serhetlerimiziň mizemezligini gorajakdygyňyza, jogapkärli gullugyňyzda ýokary netijeleri görkezip, ýurt goragy üçin, gerek bolsa, şirin janyňyzy-da gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Merdana Watan goragçylary!

Mert pederlerimiziň edermenlik ýolundan ýöremek her bir türkmen perzendi üçin belent borçdur. Bu borç Garaşsyz ýurdumyzy janyň-teniň bilen söýmek, onuň goragynda sak durmak, ykbalyňy Watan goragyna müdimi baglamak bilen haklanylýar. Siz hem geljekde şöhratly geçmişimizde yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk ýörelgelerine pugta eýermek bilen, parasatly pederlerimiziň mertlik mekdebiniň binýadyny berkitmelisiňiz, häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna kämil derejede erk edip, Watana wepalylygyň belent nusgasyny görkezmelisiňiz. Siz türkmeniň watanperwerlik, ar-namyslylyk, mertlik, halallyk, pespällik, kiçigöwünlilik ýaly belent häsiýetlerini özüňize hemişe ýörelge edinmelisiňiz. Gujur-gaýratyňyz, zehin-başarnygyňyz bilen şan-şöhratly beýik taryhy şahsyýetlerimiziň gaýduwsyz nesilleridigiňizi bütin dünýä äşgär etmelisiňiz. Olaryň gahrymançylykly ýollaryna buýsanç bilen eýermelisiňiz.

Hormatly serkerdeler,
professor-mugallymlar!

Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, milli Ýaragly Güýçlerimizde maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň parahatçylygyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, ylym-bilimli harby hünärmenleriň ýokary derejeli taýýarlygyna baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, harby ýokary okuw mekdeplerinde watansöýüji, harby işe jany-teni bilen berlen, harby tehnikalary, söweşjeň endikleri özleşdirýän ussat serkerdeleri we harby hünärmenleri taýýarlamakda serkerde-mugallymlara aýratyn orun degişlidir. Ýaşlaryň harby-syýasy düşünjelerini has-da baýlaşdyrmak, ylmyň, tehnikanyň dünýä ulgamynda gazanan tehnologiýalaryna daýanyp, harby hünärleriň dürli ugurlary boýunça giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek siziň esasy wezipäňizdir. Siziň bu jogapkärli wezipäni geljekde-de uly abraý bilen berjaý edip, çuňňur ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ýokary ahlakly, beden taýdan sagdyn, Watanymyza wepaly ýaşlary ýetişdirmekde gujur-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Eziz uçurymlar!

Siziň ähliňizi ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow