Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzodany kabul etdi.
Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi we “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji bilen duşuşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça öňdebaryjy täze tehnologiýalar ulanmak arkaly, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde dürli mazmunly çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nazarda tutup, geljekde bu şäheriň mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 29-30-njy iýuny aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary haj parzynyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekke şäherinde saparda bolarlar.
Sizi belent ahlaklylygyň, ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşy müňýyllyklardan gaýdýan bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň şanly ýeňişleriň, şöhratly ösüşleriň ýurdy hökmünde at-abraýy dünýä dolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Tutuş musulman ymmaty üçin nurana we sahawatly baýram bolan Gurban baýramy mynasybetli Sizi, Siziň ýakynlaryňyzy, şeýle hem Türkmenistanyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Umumy taryhy, dili, dini, medeniýeti bolan doganlyk halklarymyz tarapyndan giňden bellenilýän bu mukaddes baýramyň iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek ruhunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigi şübhesizdir.
Sizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şatlykly waka mynasybetli Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly we doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň senagat, serişde, zähmet, ruhy we intellektual mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.