Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Medeni we ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
Hepdäniň wakalary
Medeni we ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
Çap edildi 27.06.2023
1345

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň senagat, serişde, zähmet, ruhy we intellektual mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Onuň gysga wagtda hem-de ýokary hilli geçirilmegi üçin ähli çäreler görülýär. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilip, ähli oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly, gowaça ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we gysga wagtda geçirilmeginiň möhümdigini belläp, bu ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz fransuz kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine goşan aýratyn goşandyny belledi. Gurluşyk, nebitgaz, aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär. Maglumat-tehnologiýalary, himiýa, azyk senagaty ýaly pudaklar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň möhüm orny bellenildi.

Şol gün Mejlisde Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç haty kabul edildi. Diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi, Türkmenistanyň Mejlisiniň köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşmalaryň çäklerinde iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmegiň, milli parlamentiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň dekabrynda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçirilen Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada aýdyp, orta we uzak möhletleýin geljek üçin durmuş-ykdysady döwlet syýasatynda peýdalanmak maksady bilen, alnan maglumatlary ýene-de bir gezek içgin öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny nygtap, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselelerine hemmetaraplaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň wajypdygyna üns çekildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzüminde hereket edýän önümçilikleri hem-de elektroenergetika pudagynyň desgalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak, dokma pudagynyň kärhanalaryny dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi. Mejlisde “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda gol çekilen “Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek” hakynda taslama barada hasabat berildi. Türkmen nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, iýul aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada-da maglumat berildi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine degişli, şol sanda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli syýasy forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyny hödürlemek baradaky teklip aýdyldy. Iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek bu forumyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti tarapyndan BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy boýunça ugurdaş çäräni geçirmek teklip edilýär. Şunda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda döredilen Arkadag şäheriniň Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji maksadynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bellenildi. Bu maksat şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny, ekologik taýdan durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Şeýle hem awgust aýynda ýokarda agzalan forumyň jemleri boýunça BMG-niň edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän toplumlaýyn çärelere bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligi guramak teklip edildi. Mundan başga-da, DÖM-niň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça maglumat binýadyny öz içine alýan internet meýdançasyny Statistika baradaky döwlet komitetiniň stat.gov.tm internet saýtynda ýerleşdirmek, şeýle hem türkmen tarapynyň şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlarynyň sammitine gatnaşmagy boýunça teklipler beýan edildi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada Karara gol çekdi, şeýle-de degişli düzümleri häzirden gyş möwsümine taýýarlamaga başlamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Karara gol çekdi. “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen, şäheriň edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli amal etmek, işgärler köpçüliginiň üstüni yzygiderli ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tassyklady.

24-nji iýunda döwlet Baştutanymyz Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi. Welosiped sporty babatda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda sportuň ähli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmäge hemme şertleriň bardygyny we Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki ýapyk Welotrek binasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Osama Al Şafar Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň emirlikler böleginiň başlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar. Döwlet Baştutanymyz we türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäklerinde bar bolan täze desgalar, şol sanda uçarlaryň saklanýan desgalary hem-de olaryň döwrüň talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelýän tehniki hyzmatlar bilen üpjün edilişi bilen tanyşdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz we türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň işewürlik, medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk bölegine baryp, bu ýerde görkezilen we gurluşygy alnyp barylýan söwda we dynç alyş merkeziniň hem-de beýleki desgalaryň şekil taslamalaryny, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän şäher toplumlarynyň we ýol-ulag düzümleriniň desgalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyk geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek söhbetdeşligiň esasy mazmunyny düzdi. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi. Şeýle-de tehnologiýalary we maglumat serişdelerini alyşmagy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna hödürlenen dalaşgärleri saýlaw toparynda bellige almak işleri dowam edýär. Hödürlenilýän dalaşgärleriň ählisi ilat arasynda abraýa eýe bolan, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenlerdir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň gelip gowuşmagyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Bu çärä Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler medeni mirasymyzy we milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek işinde halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Munuň özi beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu iri medeni forum her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Döredijilik forumynyň maksady halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, içgin öwrenmekden, giňden wagyz etmekden, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we halkymyzyň medeniýet derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan sungat ussatlarynyň we ýaş aýdymçylaryň, sazandalaryň konsertleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri, kino görkezilişleri, şygryýet agşamlary türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny açyp görkezdi. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Arkaç” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Döredijilik gözden geçirilişiniň maksatnamasyna täze tehnologiýalar arkaly muzeý gymmatlyklaryny we arheologik tapyndylary rejelemek işinde dünýä tejribesini öwrenmek boýunça muzeý hünärmenleriniň usuly sapaklary, ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramaga, öwrenmäge bagyşlanan halkara ylmy maslahat we başga-da köp sanly çäreler girizildi.

24-nji iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän döredijilik forumynyň maksatnamasynda türki döwletleriň döredijilik, folklor we tans toparlarynyň, sazandalarynyň, opera aýdymçylarynyň bilelikdäki konserti, fotosuratlaryň, çagalaryň sungat eserleriniň sergisi, bilelikdäki çykyşlar we beýleki çäreler bar. Çuňňur many-mazmuna eýe bolan ýokary adamkärçilik we medeniýetlilik meselesi häzirki günlerde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Gutlagynda belleýşi ýaly, medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam edýär.

Şeýlelikde, baý taryhy tejribesine we milli däp-dessurlaryna daýanýan Türkmenistan döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow