Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 28.06.2023
1337

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji bilen duşuşdy.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gurban baýramy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň türki döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklaryň, ylmy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny nygtady. Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemekleri ugrunda döredilen mümkinçilikler barada aýdyp, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji şäheri ösdürmegiň meýilnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, Aşgabadyň keşbiniň ýyl-ýyldan özgerýändigine aýratyn ünsi çekdi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi baradaky teklibi Türkiýäniň goldandygyny belläp, myhman bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Arkadag şäheriniň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň ekologik nukdaýnazardan ýokary baha mynasypdygy bellenildi. “Aziýanyň parlak ýyldyzy” hökmünde ykrar edilen täze şäheriň binagärlik çözgüdi, täzeçil tehnologiýalary, ekologik derejesi babatda halkara ähmiýetli güwänamalara mynasypdygy nygtaldy.

Şeýle hem myhman bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi we türk tarapynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga taýýardygyny belledi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz, öz gezeginde, Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjini mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz myhmanyň teklipleriniň öwreniljekdigini we türkmen tarapynyň bilelikdäki işlere taýýardygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy ýadygärlikler, olary saklamak abatlamak we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, türkiýeli hyzmatdaşlaryň Soltan Sanjaryň aramgähini abatlamak işlerine gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmegini teklip etdi. Türkmenistanda syýahatçylygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyny aýtdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ulgamlar boýunça ösdürmekde ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

***

Soňra Maslahat köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarynyň, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan “TÜRKSOÝ” ordeni we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Bellenilişi ýaly, bu sylaglar türkmen halkynyň Milli Lideriniň türki medeniýeti ösdürmekde we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, türki dünýäniň bitewüligini pugtalandyrmakda tagallalarynyň, dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýokary sylaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow