Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi hem-de bu wezipä gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen mejlisinde bu edaranyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyz parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.