Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhy mekanynda binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi. Mejlise gaznanyň müdiriýet agzalary we Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Onuň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işläp başlamagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň üstüne ýüklenildi.
29-njy iýunda ýurdumyzda şu ýylyň möhüm taryhy wakalarynyň biri bolan täze, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gönüden-göni miwesi bolan «Arkadagly Ýaşlar» atly çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnalynyň 6-njy sany okyjylara ýetirildi.
Ýokary ynsanperwer ýörelgeleri we däpleri özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bellenilen geçen hepdede ýurdumyzda şanly waka bolup geçdi. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu waka ýurdumyzyň abadançylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli uly baýramçylyk dabaralary geçirildi.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Doglan günüňiz mynasybetli Size gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy iberýärin.