Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energetika we senagat pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň taslamasyny düzmek we olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Röwşen» hususy kärhanasy bilen şertnamany görkezilen binalar we desgalar üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk ugruny, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýäniň bu ugurlarda ösen döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy.
Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda şatlyk-şagalaňly geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan beýik özgertmeleri, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän täze aýdym-sazlary joşgunly ýerine ýetirmekde size döredijilik rowaçlyklaryny arzuw edýärin.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 4-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki çylşyrymly halkara şertleriň ýokary derejede jebisligi, ylalaşyklylygy we özara goldawy talap edýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan umumy döredijilikli ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklaryna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutup, bu sebitde ýaşaýan çagalar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 2023-nji ýylyň awgust aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir.