Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dialogy
Teswirlemeler
Ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dialogy
Çap edildi 24.08.2023
787

Mälim bolşy ýaly, 4-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki çylşyrymly halkara şertleriň ýokary derejede jebisligi, ylalaşyklylygy we özara goldawy talap edýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan umumy döredijilikli ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklaryna ünsi çekdi. Parahatçylyk, durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk uly baýlykdyr. Biz bu baýlygy aýawly saklamalydyrys, artdyrmalydyrys we geljek nesillere geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sentýabr aýynda geçiriljek 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe sürjek başlangyçlarynyň medeni-ynsanperwer ulgam bilen hem baglanyşýandygyny bellemelidiris.

Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ilerletmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdürlüligi goldamak boýunça Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ guramalary bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly Kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek teklip edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary döwletler bilen dürli ugurlarda, şol sanda ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagy we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini maksat edinýän medeni hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Adatça, köpdürlülik diýip, aýry şahsyýetleriň we guramalaryň birnäçe dilde dilüsti we ýazuw görnüşinde özara düşünişip bilmek başarnygyna aýdylýar.BMG-niň ulgamynda köpdürlülik resmi dil hökmünde yglan edilen ähli dillere hormat goýmagy we deň derejede garamagy aňladýar. Şeýle hem köpdürlülik guramanyň dolandyryşynda esasy gural hem-de oňa agza ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklara ýardam berýän aragatnaşyk serişdesi bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy resminamalarynda görkezilişi ýaly, BMG-niň Tertipnamasynyň umumy häsiýeti onuň işgärler düzüminde özüniň şöhlelenmesini tapmalydyr. Oňa laýyklykda, olar dil başarnyklaryny ele alan we azyndan bir resmi hem-de bir iş dilinde gepläp bilýän bolmalydyr.

Köpdürlülik BMG-niň parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, adam hukuklaryna we kanunyň hökmürowanlygyna gözegçilik etmek, şeýle hem durnukly ösüşiň bähbidine işleri durmuşa geçirmekde köptaraplaýyn gepleşiklerde möhüm bolup durýar.

BMG-niň düzümleriniň wekilleriniň dürli döwletlerde ýaşaýan halklaryň dillerinde gepleşikleri alyp barmagy wajypdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň köpdürlülik ulgamy arkaly ählumumy aragatnaşyga ýardam berlip, ýüze çykýan dürli hadysalara jogap hökmünde kömek iberilýär. Ol adam hukuklaryna we azatlyklaryna, onuň mertebesine hormat goýmaga, hemmeler üçin adalatly bolmaga giňişleýin düşünmäge ýardam edýär.

Köpdürlülik ulgamy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibini durmuşa geçirmekde BMG-niň ygrarlylygyny tassyklamak bilen, ol durnukly ösüşiň 17 sany maksadyna ýetmekde möhüm serişdedir.

Medeni gatnaşyklary giňeltmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ bilen türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtamak zerurdyr. Şol miras umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Häzirki döwürde TÜRKSOÝ arkaly türki dilli döwletler ÝUNESKO bilen bu dili gorap saklamak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Ol Aziýada we Gündogar Ýewropada ýaşaýan türki halklaryň gepleýän garyndaş diller maşgalasyna degişlidir. Türki halklary özara birleşdirýän bu dil geçmişiň we geljegiň arasyndaky arabaglanyşygy berkidýär. Häzirki wagtda bu dilde gepleýänleriň umumy sany 180 million adama ýetýär.

Köpdürlüligi giňeltmek, dilleriň we medeniýetleriň dürlüligine ýardam bermek maksady bilen Halkara ene dili güni bellenilip geçilýär. Bu baýramyň çäklerinde guralýan çärelere ÝUNESKO derejesinde ähmiýet berilýär.

TÜRKSOÝ we ÝUNESKO-nyň arasyndaky resmi hyzmatdaşlyk bilelikdäki geňeşmeleriň we özara wekilçilikli duşuşyklaryň geçirilmegi bilen 1996-njy ýylda badalga aldy.

Türkmenistanda BMG-niň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň esasy maksady bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýoly bilen parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň goralyp saklanylmagy ulgamyndaky halkara işlerde wajyp orny eýeläp, her bir halkyň umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de gazananlaryna hormat goýmak esasynda açyk gepleşikler üçin şertleri döredýär.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda London şäherinde degişli resminamany tassyklamak bilen ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda ýurdumyz bu guramanyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde taryhy we medeni ähmiýetli müňden gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.

1995-nji ýylda Pariž şäherinde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy açyldy. ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy ýurdumyzyň bu gurama bilen alyp barýan işlerini utgaşdyrmaga ýardam berýär.

Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli topar hem hereket edýär. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şondan bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşyp gelýär.

Ýurdumyzyň bu gurama agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýylynyň içinde Türkmenistan tarapyndan möhüm ugurlarda ÝUNESKO-nyň 12 sany Konwensiýasy tassyklanyldy.

1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda Almaty şäherinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet ministrleri türki medeniýeti we sungaty bilelikde ösdürmek boýunça guramany döretmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler. Häzirki wagtda bu gurama türki dilli döwletleri birleşdirýän abraýly halkara düzüm birligine öwrüldi. Onuň maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak we geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Geçen 30 ýylyň içinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasynda umumy taryhy, ruhy we medeni gymmatlyklary bolan türki halklaryň dostluk gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň maksatlaryna laýyk gelýän toplumlaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Ynsanperwer ulgamda anyk işleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklamak bilen, Türkmenistan möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürýär. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdürlüligi goldamak boýunça Kararnamalaryny we “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly Kararnamasyny kabul etmek boýunça başlangyçlaryny görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmegi meýilleşdirýär.

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebitleýin hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialogyna hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm strategik ugry bolup durýar.

Şeýlelikde, daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de institutlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze möhüm halkara başlangyçlary işjeň öňe sürüp, parahatçylygy pugtalandyrmak we durnukly ösüş işine uly goşant goşýar. 2023-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň dowamynda alyp barjak işinde Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylyk ýörelgelerine pugta eýerer. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik syýasatyny dolulygyna şöhlelendirýär.

Häzirki döwürde ýurtlaryň milli isleglerini üpjün etmek parahatçylyk we howpsuzlyk wezipelerini goldamak, adamzada howp salýan häzirki zaman meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmek, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ýaly ählumumy wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, medeni diplomatiýada ýokarda agzalan başlangyçlar Watanymyzyň halkara giňişlikdäki işjeň ornuny aýdyň görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen giň gerimli, anyk maksada gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugruny kesgitleýär.

Türkmenistan abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat Birleşen Milletler Guramasynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara başlangyçlary durmuşa geçirmekde ädýän anyk ädimleriniň mysalynda hem iş ýüzünde özüniň beýanyny tapýar.

Halkara gatnaşyklar ulgamynda toplumlaýyn dialogy ýola goýmak, sebit we ählumumy derejedäki häzirki döwrüň meselelerini bilelikde ýüze çykarmaga we çözmäge gönükdirilen türkmen diplomatiýasynyň açyk we parahatçylyk söýüjilik häsiýeti ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn kabul edilmegi we goldanylmagy babatdaky geografik çäkleri has-da giňeltmäge ýardam etmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde aýdyň şöhlelenýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy adamzat ösüşiniň uzak möhletleýin geljegini hasaba almak bilen, halkara tagallalaryň birleşdirilmegine ýardam edýän anyk ädimler bilen utgaşýar.

Şeýle hem bu çemeleşmeler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynda hem özüniň beýanyny tapýar. Bu öz gezeginde ählumumy parahatçylygyň, deňhukukly we durnukly ösüşiň hatyrasyna dünýäniň halklarynyň medeni dialogyny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
18.06
2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.06
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
17.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.06
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.06
T.B.Kömekow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow