27.08 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

27.08 2023

Ýurdumyzy depginli ösdürmek boýunça kabul edilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda yzygiderlilik, dünýäniň hemme ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän netijelilik hem-de uzak möhletlilik hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr.

26.08 2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

25.08 2023

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.

25.08 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi.

25.08 2023

Nury Gutlyýewiç Gölliýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

25.08 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.


25.08 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy has-da ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň şäherlerinden hem-de welaýatlaryndan sungata höwesli zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak, ýaş nesli çeper döredijiligiň rowaç menzillerine galkyndyrmak boýunça mähriban Watanymyzda ähli şertler döredilýär.

25.08 2023

Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy pensiýa bellemegi düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle hem şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibi tassyklanyldy.


25.08 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany institutyň binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

1465 sahypa
Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr