Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär.
Geçen hepdede ýurdumyzyň durmuşy dürli wakalara beslendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli özgertmeleri bilen birlikde, bu wakalar hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen aladasyna esaslanýar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýada geçiriljek baýramçylyk we sport dabaralaryna gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk hatyny iberdi.
Budapeştde iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.