Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 25.08.2023
1187

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy hem-de Mejlisiň kararlarynyň 35-si kabul edildi. Hereket edýän kanunlary Konstitusion kanunlaryň we halkara kadalaryň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, birnäçe hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Häzirki wagtda raýat-hukuk hem-de daşary ykdysady gatnaşyklar, gidrometeorologiýa, gümrük işi, harby borçlulyk we harby gulluk, taryhy-medeni mirasy goramagyň meselelerini kadalaşdyrmaga gönükdirilen Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri öwrenilýär.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde dürli duşuşyklar geçirildi. Milli parlamentariler okuw maslahatlaryna gatnaşdylar, iş saparlaryny amala aşyrdylar.

Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, deputatlar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, görlen çäreleriň netijesinde hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 4,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy.

Ýanwar — iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýer durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň «Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky» Kodeksiniň 21-nji we 40-njy maddalaryna laýyklykda, birnäçe resminamalaryň taslamalary, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň» hem-de «Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň» taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Şahsy pensiýalary bellemegiň meseleleri hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropileni öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101 göterim berjaý edildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, nebitiň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy. Gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,5 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 105,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,6 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 101,5 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 240,6 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam etdirilýär. Ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki zerur tehnikalary, şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak we pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň wajypdygyny nygtap, degişli resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Döwlet Baştutanymyz ekişi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin bu möwsüme taýýarlyk görmek, şol sanda daýhanlary oba hojalyk tehnikalary, ýokary hilli tohumlar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gurluşyk-senagat toplumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça iş meýilnamasy 108,5 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýedi aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,9 göterim üpjün edildi. Şol döwürde Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,9 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 103,9 göterime barabar boldy.

Ýylyň başyndan bäri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan 1 milliard 360 million manatlyk önüm öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 104,2 göterim berjaý edildi, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 123,5 göterim amal edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň sentýabr aýynda welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän çagalar baglarynyň we mekdepleriň ýokary hilli, talabalaýyk ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyny gurmak hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, sport desgasyny we aýlawly ýolda monument gurmak hakynda» Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we olaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 102,8 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 103 göterime, nah matalar 107,2 göterime, tikin we trikotaž önümleri 101,3 göterime, gön önümleri 114,2 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýedi aýynda «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýylyň başyndan bäri birža söwdalarynyň 172-si geçirilip, 18 müň 85 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111,3 göterime barabar boldy. Sergileriň 11-si we maslahatlaryň 43-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,1 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 110,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, şeýle hem hususy ulgamyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, täze önümçilikleri döretmek, eksport edilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek boýunça maksatnamalaýyn işleri geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň, eksport we import şertnamalaryny biržada bellige almagyň tertibini, baha emele getirmegiň usulyny kämilleşdirmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly senelere bagyşlanan köp sanly döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, media forumlary, sergiler, wagyz-nesihat çäreleri we aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler guraldy we döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri daşary döwletlerde iş saparlarynda boldular.

Hasabat döwründe medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Şu günler ýurdumyzda russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary guralýar. Şeýle hem «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň hem-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň tapgyrlary geçirildi.

Şu ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli dürli çäreler, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylmagynyň hormatyna aýdym-sazly dabaralar guraldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler we ýetilen sepgitler giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan we Konsepsiýalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler berjaý edildi.

Soňra wise-premýer Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy, şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary barada hasabat berdi.

Sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar geçiriler. Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Çalsana, bagşy!» bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary, ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy geçiriler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar hem-de beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işiniň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öňde boljak dabaraly maslahatlara, medeni-köpçülikleýin çärelere, şol sanda dürli maksatly binalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, wise-premýere olaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim özgertmeleriniň çäklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanyldy, okuw kitaplarydyr gollanmalary neşir edildi. Mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazandylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli meýilnamalaýyn çäreler, dürli bäsleşikler, halkara ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar geçirildi. Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň düýbi tutuldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde 20 müň 500-den gowrak çaga guramaçylykly dynç aldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary geçirildi.

Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler dowam etdirildi, Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatlar, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Beýik türkmen şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabarasy we beýleki çäreler geçirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» tassyklanyldy. Daşary ýurtly lukman alymlar bilen tejribe alyşmak ýola goýuldy, X türkmen-german forumy guramaçylykly geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy hem depginli dowam edýär. Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň düýbi tutuldy.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirilip, halkara ýaryşlarda 409 medal gazanyldy.Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli «Arkadag şäheri — sanly we «akylly» tehnologiýalaryň mekany» atly halkara ylmy maslahat, Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň halkara maslahaty, dürli sport ýaryşlary geçirildi. Bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport babatda halkara resminamalaryň 33-sine gol çekildi.

Soňra wise-premýer Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 26-njy awgustda bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak göz öňünde tutulýar. Bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly nyzamlar geçiriler. Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirmek meýilleşdirilýär. 1-nji synpa okuwa barýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler.

Aşgabat şäherinde baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny dabaraly açmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli täze bilim edaralaryny açmak ajaýyp däbe öwrüldi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagyny, 19 sany orta mekdebi we okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebini hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny açmak göz öňünde tutulýar.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüniň tutulyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza zähmet rugsady döwründe Hökümetiň agzalarynyň we olaryň maşgalalarynyň dynç almaklary üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge we türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge degişli meseleleriň çözülmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Zähmet rugsady döwründe geçirilýän Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň gün tertibi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly, golaýda Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda şäheriň günorta böleginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

2024-nji ýylda beýik şahyryň we akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniler. Onuň heýkeli Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde ornaşdyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze ajaýyp şahyrana eseri hem Magtymguly Pyraga bagyşlanýar. Bu eser watandaşlarymyzyň ählisi tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň baý milli medeni, şol sanda edebi mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça amala aşyrýan ägirt uly işleri halkara bileleşikde hem ýokary baha mynasyp boldy. Bu miras umumadamzat genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde daşary ýurtly nusgawy şahyrlaryň we akyldarlaryň hem heýkelleri ornaşdyrylar. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň aýdyň beýanyna öwrüler. Magtymguly Pyragy özüniň öçmez-ýitmez goşgularynda hut şu ýörelgelere eýermäge çagyrypdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň täze şahyrana eseriniň türkmenistanlylaryň ählisi üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen, daşary ýurtlarda giň seslenmä eýe bolandygyny nygtady we hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alnyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna, Katar Döwletine hem-de Täjigistan Respublikasyna döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary, Azerbaýjan Respublikasyna, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Hytaýa, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparlaryny amala aşyrdy, şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşdy.

Şu ýylyň geçen döwrüniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda we Saud Arabystany Patyşalygynda saparlarda boldy.

Häzirki wagta çenli Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň we Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary boldy. Hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hasabat döwründe Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň ýurdumyza saparlary boldy.

Degişli döwürde Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça birnäçe daşary ýurt wekiliýetleri Türkmenistana geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetleri daşary ýurtlaryň birnäçesine ugradyldy. Dürli derejede, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti köp sanly resminamalar bilen ýetirildi.

Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýurdumyzyň daşary-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki Hökümetara toparlaryň, beýleki degişli düzümleriň mejlisleri, şeýle hem işewürlik duşuşyklary, forumlar hem-de «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek meselelerinde mundan beýläk-de işjeň orny eýelejekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara syýahatçylyk ugruny we sergi işini ösdürmek boýunça abraýly halkara guramalar bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady, medeni we maglumat giňişligine goşulyşmagynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyrygyna laýyklykda, «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu resminamalarda kesgitlenen esasy maksatlar we wezipeler, şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreler barada aýdyldy. Şeýlelikde, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy, dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, gatnaşyklaryň kuwwatyndan we netijeli gurallaryndan has doly peýdalanmak, ýurdumyzyň telekeçilerini hem-de haryt öndürijilerini goldamak boýunça zerur çäreleri görmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, hususan-da, ugurdaş çäreleri guramak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, bellenen ugurlarda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek we pugtalandyrmak boýunça degişli teklipler beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda agzalan Maksatnamany we Konsepsiýany tassyklamak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, ony wise-premýere, daşary işler ministrine sanly ulgam arkaly iberdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 123,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýedi aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 104,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,6 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 119,1 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 259,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,8 göterime deň boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň «ýaşyl» portlarynyň hataryna goşmak üçin degişli işler geçirildi. Şonuň netijesinde, «EсoPort» şahadatnamasy alyndy.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde görlen çäreler barada hem hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahatyň hem-de serginiň, şeýle hem täze şäheriň açylmagy mynasybetli «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere hem garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
12.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
11.04
Aşgabat şäheriniň häkimine we häkiminiň orunbasaryna berk käýinç yglan edildi
11.04
Türkmenistan parahatçylyk dörediji strategiýany işjeň durmuşa geçirýär
10.04
Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
10.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
10.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
09.04
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi
top-arrow