Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 25.08.2023
2621

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Riýad al-Maliki parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ählumumy goldawa hem-de halkara bileleşigiň ykrarnamasyna mynasyp bolan döwlete — Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny belläp, dostlukly ýurduň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Mahmud Abbasa mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny, şeýle hem Palestina Döwletine sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Palestinanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň hem-de onuň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geçirilmegi meýilleşdirilen geňeşmeleriň, gepleşikleriň netijeli boljakdygyna we döwletara gatnaşyklaryň giň ugurlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Palestina Döwletiniň köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da ýakyndygy bellenildi, munuň özi dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletine we onuň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygy, alyp barýan daşary syýasatyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Degişli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegi bu ugurdaky netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-palestina gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir, şunda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklaryň höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan öz tarapyndan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça palestinaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Palestina Döwletiniň daşary işler hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki özara hoşniýetli erk-islege daýanmak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy milli parlamentiň düzümi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriňdir maksatnamalaryň ygtybarly hukuk binýadynyň üpjün edilmegine gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň demokratik we bäsleşik esasynda geçirilendigi bellenildi. Ýurdumyzyň Mejlisi BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki abraýly guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn esasda döredilen Parlament dostluk toparlarynyň birnäçesi hereket edýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Palestinada Türkmenistanyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasaty, onuň halkara başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldanylýar.

Türkmen-palestina gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda döwletara dialogyň möhüm ugry hasaplanylýan parlamentara hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň däp bolan dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygy ýene bir gezek tassyklanyldy.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary her ýyl iki ýurduň DIM-niň arasynda, şeýle hem halkara maslahatlaryň çäginde özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça geňeşmeleriň geçiriljekdigini nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda işewürlik gatnaşyklary üçin esaslary döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Palestinanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (PIСA) hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligine garaldy.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hakynda Teswirnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Bilelikdäki hökümetara komiteti döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňky habarlar
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.12
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
29.12
Ýurt garşy alsyn!
29.12
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
26.12
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda
26.12
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow