Sizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik üstünliklere beslenip, Täze ýylyň uly ruhubelentlik bilen garşylanýan günlerinde geljek, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde mundan beýläk hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň hem-de ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sowgatlaryň, Hormat hatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny belende götermekde ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bardyr.
Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan netijelerini dünýä ýaýmaga, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygyny, Türkmenistanyň ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň çempiony bolup, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.