Şu gün Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň hem-de ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sowgatlaryň, Hormat hatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi kalby Watanymyzy ösdürmäge uly goşant goşmaga hyjuwdan doly ýaşlarymyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.
Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde guralan çäreler Türkmenistanyň ýaşlaryny ýurdumyzyň we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň bähbidine uly joşgun bilen, täze zähmet üstünliklerini gazanyp işlemäge ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Şu baýramçylyk günlerinde ýaşlaryň uly topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, dürli ulgamlarda zähmet çekip, ýurdumyzy yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde goşan şahsy goşantlary, halal we göreldeli zähmeti, gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlyklary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de degişli ministrliklerinden sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary netijeler gazanylýar hem-de öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şol gazanylanlary, gadymy milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda ýaşlara uly orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, bagtyýar şu gününe, beýik geljegine bolan buýsanjyny artdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar döwlet tarapyndan özlerine bildirilen ynamdan ruhlanyp, ähli ulgamlarda yhlasly zähmet çekýärler. Bu bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze döwrüň ruhuny açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň milli nusgasy emele geldi, durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklary üçin zerur şertler döredildi. Ýaşlar özleri üçin döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler, döwrüň ösüşleri bilen deň gadam urup, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, bu çäreler zähmetde, okuwda, sportda tapawutlanan ýaşlara bagyşlanyp, olaryň barşynda ýaşlara mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolan ýaşlar netijeli işlemäge we döretmäge ähli mümkinçilikleri üpjün edip, özleri barada yzygiderli alada edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän döwlet syýasaty Watanymyzyň ykbalyna we geljegine bolan jogapkärçilige has aýdyňlygy bilen düşünýän ýaşlar tarapyndan hemmetaraplaýyn we doly goldanylýar. Işine ussat ýaşlary, olaryň hünär we döredijilik taýdan gazananlaryny höweslendirmek hem-de goldamak bilen, ýaş nesliň ynsanperwer, watançy, ruhy we beden taýdan sagdyn, jogapkärli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ähli şertler döredildi. Şoňa görä-de, ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlarda ýaşlaryň Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň töweregine mäkäm jebisligi, halkymyzyň agzybirligi, döredijilikli zähmeti bilen ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ata Watanymyzyň beýik ösüşleri belent heňde wasp edildi.
Dabaralara gatnaşyjylar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen şeýle çäreleriň möhümdigini bellediler. Olar bu ugurda alyp barýan köptaraply işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.