Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we milli ykdysadyýetde gazanýan bedew batly ösüşleri — parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň kepili” atly maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hem-de durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň netijelerine aýratyn üns berildi.
Şu ýylyň 3 — 7-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde «Gorkut ata» atly VI halkara kinofestiwal geçirildi. Oňa dürli ýurtlardan kino işgärleriniň 70-den gowragy öz döreden filmleri bilen gatnaşdylar. Türki döwletleriň kino sungaty boýunça işleýän wekilleriniň gatnaşmagynda guralýan kinofestiwalyň maksady kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjülikler, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Paýtagtymyzda uly üstünliklere beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly şu gün öz işini tamamlady.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda daýhanlaryň çekýän halal we gaýratly zähmetiniň, nygmata baý türkmen topragynyň berekediniň şanyna uludan tutulýan Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.