Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Toparyň ýerine ýetiriji edaralarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, suw hojalyk pudagynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen çäreleriň dowamynda degişli ugur boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi geçirildi. Giň möçberli forum Arkalaşygyň ýurtlarynyň oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylaryny, alymlaryny we seçgiçilik merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde giň möçberli medeni çäre — “Tatar gyzy — 2026” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu taslama tatar halkynyň baý taryhy mirasyny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün — Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanyldy. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady.
Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň möhüm meselelerine uly orun berildi.
Baýramçylyk dabaralaryna baý bolan geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyny saklamaga, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir.