08.10 2026

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýan döwlet Baştutanlary we belent mertebeli myhmanlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşdylar.

08.10 2026

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

08.10 2026

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Diplomatik duşuşygyň dowamynda çuňňur taryhy-medeni köklere hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň okgunly ösýän häsiýeti nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmek üçin geçirilýän şeýle duşuşyklaryň uly ähmiýetini bellediler.

08.10 2026

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän giň möçberli halkara çäreleriň dowamynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda telewideniýe we kino sungatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

07.10 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherine tarap ugrady.

07.10 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

07.10 2026

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.

07.10 2026

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Çäre özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine seljerme bermek we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Duşuşyk GDA ýurtlarynyň raýdaşlygyny we taryhy umumylygyny açyp görkezýän ynanyşykly we netijeli häsiýetde geçdi.

07.10 2026

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

07.10 2026

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar.

1534 sahypa
Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy