Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler
Jemgyýet
Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler
Çap edildi 09.07.2024
2262

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Düýn bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular.

Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa döwrebap awtobuslarda “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezine öwrülen iki mukaddeslige tagzym eden watandaşlarymyzyň zyýaraty jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň, asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Olar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylygyň, dostlukly gatnaşyklaryň berkarar bolmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly hajy Serdarymyza we hajy Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Häzirki döwürde ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň her bir güni şanly wakalara, beýik ýeňişlere, ýatda galyjy pursatlara beslenýär. Metjidiň ýanynda ildeşlerimizi dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary garşyladylar.

Bellenilişi ýaly, haj parzyny berjaý eden watandaşlarymyz päk ahlaklylygyň, ruhy tämizligiň, ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mübärek Gurban baýramy günlerinde Mekge şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleriniň rowaç bolmagynyň, Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynyň, ýurt abadançylygynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdiler. Sadakada Arkadagly hajy Serdarymyzyň mähriban atasy Mälikguly aganyň hem-de eziz enesi Ogulabat enäniň hormatyna doga-dilegler edildi. Hajy Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edildi. Bularyň ählisi döwürleriň we nesilleriň, köpasyrlyk asylly ýörelgeleriň, ata-babalarymyzyň kemala getiren dünýä nusgalyk däp-dessurlarynyň dowamatlylygynyň ýene-de bir aýdyň beýanydyr.

Din wekilleri hem-de zyýaratçylar halkymyzyň örän baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde milli däp-dessurlary dowam etdirmegiň we olaryň aýawly saklanylmagynyň ýaş nesilleriň terbiýelenilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar bu meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi, haj parzyny ýerine ýetirmäge zerur şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiziň maşgala ojaklarynda sahawatly desterhanlar giňden ýazylyp, milli tagamlar taýýarlanyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, agzybirlik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Haj parzyny berjaý eden watandaşlarymyz Gahryman hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly hajy Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Goý, ildeşlerimiziň zyýaratlary, keramatly ýerlerde edilen ybadatlar, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň we tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna edilen dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Soňky habarlar
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant
13.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow