Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 08.07.2024
542

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça işler dowam edýär. Döwlete tabşyrylan bugdaý üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň talabalaýyk geçirilmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Häkim hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri üçin döredýän amatly şertlerinden ruhlanan welaýatyň daýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli tohum taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçylarynyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini, munuň bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmekde möhüm ädimleriň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz gazanan bu zähmet ýeňşi bilen Balkan welaýatynyň edermen gallaçylaryny tüýs ýürekden gutlap, täze üstünlikleri arzuw etdi, şeýle-de welaýatyň ekerançylarynyň beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl alyp, gowy netijeleri görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Ilki bilen, häkim hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalaryndan, yzygiderli goldawlaryndan ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekýän welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de bagtyýar ýaşaýjylaryň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara ýitgisiz daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, indiki ekiş üçin tohum taýýarlamak işleri bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekilmeli ýerlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Şeýle hem häkim welaýatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylarynyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, döwlet harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylaryny bu gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, welaýatyň ähli zähmetkeşlerine täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de sebitde beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl almakda gowy netijeleriň gazanyljakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin sürüm işlerini geçirmek, tohum taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak hem-de içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, şu ýylyň güýz möwsüminde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, gowaça we şaly ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde, ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzda häzirki wagtda galla oragy dowam edip, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de olary talabalaýyk ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, indiki ekiş möwsüminde ulanyljak bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, önümleri sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, şu ýylyň güýz paslynda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyryny ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ussat gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilýändigini, bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň aýratyn bellenilmäge mynasypdygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda jogapkärli möwsüm bolan galla oragynyň tamamlanyp barýandygyna ünsi çekip, edermen gallaçylaryň bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnap aljakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
19.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.07
Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy
18.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
18.07
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
top-arrow