Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň abadan durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherde ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi.
Orazow Perhat Annagurbanowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Serdar Orazmyradowiç Ataýewi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Baýgeldiýew Guwançmyrat Kakalyýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Guwançmyrat Orazmyradowiç Ýazmyradowy Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Hojaýew Serdar Töräýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Arçyn Japardurdyýewiç Ýegendurdyýewi Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.