Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredijilik topary bu elektron neşiriň ýedinji sanyny okyjylar köpçüligine hödürledi.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri köp sanly mekdep eşiklerini taýýarlaýarlar.
Ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Bu ugruň Ministrler Kabinetiniň mejlislerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri bolmagy hem tötänleýin däldir.
Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dürsadap Aşyrmuhammedowna Orazmämmedowa Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.
Şu ýylyň iýulynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen bu çäreler daşary syýasat strategiýamyzyň möhüm ugry bolup, dostlukly döwletler bilen ynanyşmak, özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy.