Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
Jemgyýet
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
Çap edildi 27.03.2026
472

29-njy martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şol gün ýurdumyzyň raýatlary öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, watandaşlarymyzyň arasynda uly hormata, ynama mynasyp bolan dalaşgärlere ses bermek üçin saýlaw uçastoklaryna gelerler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 63-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan wagyz işlerini geçirmek çäreleri tamamlandy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde köp sanly çäreler göz öňünde tutuldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirildi. Onuň dowamynda her bir dalaşgäre saýlawçylar bilen duşuşyp, olary öz maksatnamasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredildi. Saýlawçylar bilen dalaşgärleriň arasyndaky duşuşyklar bellenen we ylalaşylan tertipde geçirildi. Duşuşyklaryň geçiriljek wagty hem-de ýeri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öňünden yglan edildi. Şunda ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin deň şertlerdir mümkinçilikleriň döredilendigini nygtamak gerek.

Saýlawlar ýurdumyz boýunça saýlaw okruglarynyň 363-sinde geçiriler. Saýlaw okruglarynyň 140-synda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň, saýlaw okruglarynyň 5-sinde ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, 3-sinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, 12-sinde etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, 203-sinde Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar demokratik häsiýete eýe bolup, umumy, erkin we gizlin ses bermek ýörelgelerine esaslanýar. Her bir saýlaw okrugy boýunça 2-3 dalaşgär hödürlenildi. Bu bolsa saýlawlaryň bäsdeşlik şertlerinde geçirilýändigini görkezýär. Olar Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy, saýlaw okruglarynyň öz içine alýan çäklerinde ýaşaýan raýatlar toparlary tarapyndan geçirilen ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenildi. Käbir sebäplere görä, şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň, ýagny saýlawlaryň resmi taýdan geçirilýän senesinden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi döredildi.

Bu giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy çäre welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäklerindäki degişli etrapdyr şäherleriň 43-sinde, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, Geňeşlikleriň 156-synda geçirilýär. Saýlawçylaryň ses bermekleri üçin saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder, şolarda Türkmenistanyň raýatlarynyň 658 müň 924-si ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Şolaryň 11 müň 373-si ilkinji gezek ses berýän saýlaw hukukly ýaş saýlawçylardyr. Saýlaw uçastoklaryndaky saýlaw toparlary 29-njy martda sagat 7:00-dan 19:00-a çenli işini dowam eder. Oňa saýlawlaryň kanuna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk, giň demokratik esaslarda, bäsdeşlik şertlerinde geçirilişine syn etjek, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenen milli synçylaryň 667-si gatnaşar.

Saýlawlaryň aýdyňlygy, dalaşgärleriň arasyndaky bäsdeşlik, synçylaryň ses berişligiň barşyna gözegçilik etmegi we sesleri sanamagyň açyklygy demokratik saýlawlaryň häsiýetli aýratynlyklarydyr. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň milli demokra-tik däpler esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçirilýändigini bellemek gerek.

29-njy martda ses berjek saýlawçylar saýlan dalaşgärleriniň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanmak bilen, olaryň has mynasybyna ses bererler.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow