Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi, döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk döwletiň Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň bu gün baý tejribä eýedigini, munuň bolsa syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup durýandygyny belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek esasynda ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi. Şeýle-de ýangyç-energetika, magdan önümçiligi, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar babatda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi nygtaldy. Bu resminamalar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
* * *
Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýet meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika ýaly pudaklarda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapy duşuşyga gatnaşyjylary “MTA” kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, bilelikdäki dag-magdan işlerini, şol sanda Köýtendagda magdan ugry hem-de Garabogazköl aýlagynda seýrek duş gelýän minerallar boýunça bilelikde iş alyp barmak baradaky teklibi beýan etdi. Öz nobatynda, türkmen tarapy bu tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Türkiýäniň wekiliýetiniň ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanda elektrik energiýasynyň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar.
Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri öz wekilçilik edýän döwletinde energetika pudagynyň ösüşi barada aýdyp, häzirki wagtda elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan satyn almak üçin täze bazarlaryň öwrenilýändigini habar berdi we bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşyklaryň dowamynda türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Türk tarapy geljekde-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.