Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeldýär
Teswirlemeler
Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeldýär
Çap edildi 05.08.2024
643

Ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Bu ugruň Ministrler Kabinetiniň mejlislerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri bolmagy hem tötänleýin däldir.

Türkmenistanyň iň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary we anyk ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berdi. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda anyk işleri durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda täze guramaçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ulag düzümini kemala getirmek boýunça strategik maksatlara ýetmek, ulag düzümlerini döretmek we beýleki wezipeler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de döwletimiziň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlaryny döretmek Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ulag gatnawlaryny ösdürmek, bu ulgamdaky gazanylanlardyr başlangyçlar boýunça ýurdumyzyň tagallalaryny dünýä ýaýmak, 2026 — 2035-nji ýyllarda Durnukly ulagyň onýyllygy boýunça BMG-niň maksatnamasynyň işlenip düzülmegine goşant goşmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan öňe sürlüp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan halkara başlangyçlaryň möhüm ähmiýetiniň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda üstaşyr ulag gatnawlary bilen bagly uly işler amala aşyrylýar. TRACECA taslamasynyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda tagallalary berkitmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugra gönükdirilen sebit hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýa, Hazar sebitinde degişli üstaşyr ulag, logistika ulgamlarynyň döredilmeginde, bu ugurlaryň tapgyrlaýyn ösdürilmeginde wajyp orny eýeleýär.

12-nji iýulda şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag-kommunikasiýa toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň we daşarky söwdasynyň ösüşi ýük akymlarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär. Olaryň hyzmatlar bilen üpjünçiliginde ýurdumyzda hereket edýän we çalt depginde döredilýän iri ulag geçelgeleriniň eýeleýän orny artýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýyl ulag ulgamyndaky möhüm taslamanyň amala aşyrylmagyna beslendi. 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Bu ýoluň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik kuwwatyny, logistika hyzmatlarynyň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi, öz gezeginde, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer. Halkara, döwlet ähmiýetli ýollaryň gurluşygy bilen birlikde, welaýat, etrabara derejedäki ýollaryň gurluşygynda hem giň möçberli işler alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzyň senagatynyň, oba hojalygynyň okgunly ösüşi netijeli ulag düzümi bilen hem berkidilmelidir we goldanylmalydyr. Mundan başga-da, ýollaryň giň gerimde gurulmagy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmaga, Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň üstaşyr hereketini artdyrmaga, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň täze tapgyrynyň binýady goýuldy. Şol sanda howa ulagy babatda halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara howa menzilleriniň durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy. Raýat awiasiýasy ulgamynda daşary ykdysady gatnaşyklar dürli ýurtlar bilen halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň 50-den gowragy esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň, Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň hem-de Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, şeýle-de Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa menzilleri ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda sagatda 1600-e golaý ýolagçy geçirijilik kuwwaty bolan paýtagtymyzyň Halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherleriniň Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy milli raýat awiasiýasynyň ösüşinde möhüm waka boldy.

Howa ulaglarynyň üsti döwrebap “Boeing” we “Airbus” uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Hususan-da, gysga döwrüň içinde dürli kysymly “Boeing” howa gämileriniň birnäçesi, şol sanda “Airbus A330-200P2F” kysymly iki sany täze ýük uçary satyn alyndy. Munuň özi ýurdumyzyň milli awiakompaniýasynyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplydygynyň görkezijisi bolup durýar. Şu ýylyň başynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. “Türkmenistan” awiakompaniýasy uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda kabul edipdi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak we tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny döwrebap derejede, halkara talaplara laýyklykda yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa uçarlary uzak möhletiň dowamynda ulanmagyň, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar. Şu ýylyň başyndan bäri Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat, Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat, Aşgabat — Hoşimin — Aşgabat, Aşgabat — Milan — Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýolagçy howa gatnawlary açyldy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň “C-check” angar toplumynyň düzüminde howa gämilerine hyzmat etmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awiasiýa-tehniki merkez ýerleşýär.

Demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem döwlet Baştutanymyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýýan wezipeleriniň hataryndadyr. Uzak aralyklara ýük daşamalarda esasy orny eýeleýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bu pudaga hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryşyň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we hereket edýän düzümleri netijeli ulanmak, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek, işgärleriň iş şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly işiň dürli ugurlaryny öz içine alýan ýokary talaplar bildirilýär. Häzirki wagtda bar bolan demir ýollaryň uzynlygy 5173,4 kilometre ýetýär, şolaryň 3947,1 kilometri esasy ýollara degişlidir.

Ulag ulgamynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigi bellärliklidir. Uzen — Bereket — Gürgen, Kerki — Ymamnazar — Akina, Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Zerger — Kerki polat ýollary şolaryň hataryndadyr. Goňşy döwletleriň demir ýol ulgamyna birikýän demir ýollaryň gurulmagy üstaşyr ýük daşamalaryň artdyrylmagyny şertlendirdi. Häzirki wagtda ýurdumyz Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýollary, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi arkaly üstaşyr ýük akymlaryny birleşdiriji möhüm döwlet hökmünde ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan dünýäde eýeleýän taryhy ornuny dikeltmäge uly ähmiýet bermek bilen, bu ugurda iri taslamalary amala aşyrýar. Sebit döwletleri, halkara guramalar bilen ulag-kommunikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär.

Şu ýylyň 15 — 19-njy aprelinde paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna (OSJD) agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçirildi. Wekilçilikli foruma bu düzüme agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Guramanyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Taraplar OSJD-niň esasy mejlislerini geçirmegiň, bar bolan we täze açylan ugurlar, hususan-da, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol geçelgesi boýunça ýurdumyzyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak kuwwatyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşdy. Şanly sene mynasybetli Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetiniň başlygy M.Antonowiç “Türkmendemirýollary” agentligine ýörite ýadygärlik nyşanyny gowşurdy. Şeýle hem mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gurama agza ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly derejede ulanmak döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň giňişleýin mejlisinde öňde goýan möhüm wezipeleriniň ýene biridir. Şu ýylyň alty aýynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 109,7 göterime deň boldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda deňiz we derýa ulaglary infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilip, ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberi artdy. Portlaryň, port hojalygynyň ösdürilmegi dowam etdirilip, deňizde howpsuzlyga we nawigasiýa döwlet gözegçiligi kämilleşdirildi. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy, kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi. Döwletimiz deňiz söwdasyny düzgünleşdirýän halkara konwensiýalaryň birnäçesine goşuldy. Halkara Deňiz Guramasy, Ýewropanyň Deňiz howpsuzlygy agentligi, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, OPEС halkara ösüş gaznasy ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Mundan başga-da, gämileriň halkara ýüzüşleriň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan degişli güwänamalary almak üçin Russiýanyň Deňiz gämiçiligini hasaba alyş edarasy, Fransiýanyň «Bureau Veritas» barlag-güwänamalaşdyryş kompaniýasy ýaly baha beriş jemgyýetleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Beýleki Hazarýaka döwletler bilen bir hatarda, Türkmenistan hem halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, söwda ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň çäklerinde milli deňiz flotunyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga uly üns berýär. Soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmalary boýunça döwrebap tankerler, täjirçilik maksatly beýleki gämiler guruldy hem-de ulanmaga berildi. Olaryň ýokary ulanyş häsiýetnamalary, innowasion enjamlary deňiz daşamalarynyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy Hazar deňzi sebitine uly göwrümli, agyr ýükleriň ulagyň dürli görnüşleri bilen getirilmeginiň aýratynlyklary, olaryň ýurdumyzyň çäklerinden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi babatda hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder. Portuň häzirki zaman infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir häzirki wagtdaky islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ýüze çykjak islegleri hem ýokary hilli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymara ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we Türkmenistanyň üstaşyr terminallary has gysga hem-de bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasyna öwrüler.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody milli gämi gurluşygy pudagynyň kemala gelmegi üçin wajyp binýady emele getirýän halk hojalyk toplumynyň düýpgöter täze önümçilik ugrudyr. Şu ýylyň başyndan bäri bu ýerde bir daşary ýurt we bir ýerli deňiz gämilerinde abatlaýyş işleri geçirildi, deňiz düýbüni çuňaldyjy gäminiň, iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň ulanyşa berilmegi Türkmenistanda gurlan gämilerde ýurdumyzda öndürilen önümleri daşamaga mümkinçilik berer.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda tassyklanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ähli pudaklaryň tehnologik özgerişi we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrylyşy, ýurdumyzyň ägirt uly baýlyklarynyň, önümçilik mümkinçilikleriniň binýadyndaky ykdysady ösüşi üçin bitewi meýdança bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Agentlige ýüklenen wezipeleriň çäklerinde ýerli hem öýjükli telefon aragatnaşygy, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, emeli hemra aragatnaşygy, milli teleradioýaýlymlar, hünärmenleri taýýarlamak ugurlary boýunça işler durmuşa geçirilýär. “Aragatnaşyk hakynda”, “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Elektron hökümet hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kosmos işi hakynda», «Radioýygylyk spektri hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki resminamalar kabul edildi.

Simli, simsiz aragatnaşygyň, telekommunikasiýa ulgamlarynyň hem-de beýlekileriň işine gözegçiligiň, ony guramagyň umumy çemeleşmeleridir ýörelgeleri işlenip taýýarlanylýar. Meýilleşdirilen işleriň amala aşyrylmagy ilatyň, şol sanda oba adamlarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, halk hojalyk toplumynyň netijeliligini, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, dünýä bazaryna doly derejede goşulyşmagyny, maýa goýum babatda özüne çekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, ulag-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyň tassyklaýar.


Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar
08.10
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
08.10
Вышел в свет очередной номер журнала «Аркадаглы яшлар»
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
07.10
Çopanow N.Ö. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.10
N.P.Handurdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
07.10
Döretmek we gurmak — döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
07.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow