02.10 2024

Orta mekdepleriň häzirki zaman sanly dolandyryş ulgamy bolan «eMekdep» platformasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizildi. Häzirki ýokary tehnologiýalaryň bütin dünýäde giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim işini yzygiderli sanlylaşdyrmaga gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk kesgitlenen wezipelere laýyklykda, 2021-nji ýylda hünärmenler «elektron mekdep» taslamasyny işläp taýýarlamaga girişdiler.

01.10 2024

Eziz Diýarymyzda baş baýram — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy şanly wakalara we zähmet üstünliklerine beslendi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwlary bu günki günde hakykata öwrüldi.  

01.10 2024

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

01.10 2024

Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramçylygyň göwün galkyndyryjy dabaralarynyň il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine, eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

30.09 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

30.09 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana hem-de ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

30.09 2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

30.09 2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. 


29.09 2024

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna öz adymdan we maşgalamyň adyndan ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.

28.09 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

1457 sahypa
Soňky habarlar
26.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.03
Türkmenistanyň energetika strategiýasy — sebitde durnukly ösüşiň möhüm şerti
25.03
Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi
25.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.03
Türkmenistan — Hytaý: baky dostlugyň ýyl ýazgysynda täze sahypa