Ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesiniň baýram edilmegi mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin. Goý, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ysnyşykly gatnaşyklar has-da berkesin we gülläp össün!
Ýakynda biz berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşylady.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Olaf Şolsa we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Sigeru Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
Owgan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
Owgan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.