Hormatly Türkmen-ýapon hyzmatdaşlyk komitetiniň agzalary!
Ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary we wekilleri!
Hanymlar we jenaplar!
Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşygy gurandygy üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda alyp barýarys. Geçen ýyllaryň dowamynda ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat döredildi. Ýaponiýa biziň üçin öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, ykdysady we ekologiýa strategiýasyny ösdürmekde görelde bolup durýar. Ýaponiýanyň ylymda, senagatda gazanan üstünlikleri, dolandyryş ulgamynda toplan özboluşly tejribesi Türkmenistan üçin örän möhümdir. Biz innowasion senagaty kämilleşdirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmaga uly üns berýäris. Şeýle hem energetikany diwersifikasiýalaşdyrmaga, milli we halkara ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge aýratyn orun degişlidir. Ýapon işewürleriniň bu ugurlaryň ählisine gatnaşmagy üçin amatly şertleriň bardygyny bellemek isleýärin.
Türkmenistanyň ykdysadyýetine uzak möhletli maýa goýumlary goýmak babatda örän gowy mümkinçilikler bar. Munuň üçin biziň birnäçe esasy şertlerimizi, şol sanda:
— syýasy durnuklylygymyzy;
— durnukly ykdysady ösüşimizi;
— baý serişde binýadymyzy;
— düzümleýin özgertmelerimizi we innowasion ösüşe döwlet goldawyny;
— amatly maýa goýum ýagdaýyny görkezmek bolar.
Häzir diňe käbir sanlary we maglumatlary aýdyp geçeýin! Soňky ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6 göterimden gowrak derejede durnukly saklanýar. Golaýda Halkara pul gaznasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklady. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,3 — 8,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň şu görkeziji boýunça diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem öňdebaryjy orunlarda boljakdygyna şaýatlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimiz, esasan, döwlet we hususy maýa goýumlaryň hasabyna ösýär. Her ýyl bu ulgama goýulýan maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 40 göteriminden hem geçýär. Şonuň 15 göterimi bolsa daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär. Ýurduň senagat-innowasion ösüşi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65 göteriminden gowragynyň önümçilik pudagyna gönükdirilmegi arkaly üpjün edilýär. Munuň özi ykdysady düzümlerimizi özgertmäge, önümçilik pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Maliýe-bank ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Biz daşary ykdysady işde yzygiderli we üýtgewsiz açyk syýasaty ýöredýäris. Halkara işewürleriň Türkmenistanda iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagy üçin amatly şertleri döredýäris. Şunuň bilen baglylykda, ýapon işewürleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, täze taslamalary durmuşa geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 44 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Şeýle hem bahasy 256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar durmuşa geçirilýär.
Biz iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran üstünlikli işine ýokary baha berýäris hem-de munuň üçin minnetdarlyk bildirýäris. «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation», «Sojitz Corporation», «Toyo Engineering», «Mitsui», «Sumitomo Corporation» we beýleki korporasiýalar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşdular hem-de goşýarlar. Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat desgalary işe girizildi. Şolardan Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. «Komatsu» ýer gazyjy tehnikalarynyň, «Toyota» kysymly awtoulaglaryň ýurdumyza getirilýändigini bellemek isleýärin. Bu işlere Ýaponiýanyň Hökümet edaralarynyň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) hem-de Eksporty we maýa goýumlary ätiýaçlandyryş ýapon agentliginiň (NEXI) ýardam berendigini aýtmak gerek. Türkmenistan uzak möhletli maýa goýumlary goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ýapon işewürlerine ähli şertleri döretmäge taýýardyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynyň arasynda energetika, ulag we logistika pudaklaryny görkezmek bolar. Şeýle hem ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa önümçilikleri, suw serişdeleri ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we hünärmenleri taýýarlamak möhüm ähmiýete eýedir. Uzak möhletli geljegi göz öňünde tutup, ýapon işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin birnäçe anyk teklibimizi beýan etmek isleýärin.
Birinjiden, Türkmenistanyň bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, aýratyn-da, olary maşyn gurluşygy, elektronika, himiýa senagaty ýaly pudaklarda ornaşdyrmaga taýýardyrys.
Ikinjiden, biziň ýurdumyz suw tygşytlaýjy we arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işlemek, “ýaşyl” hem-de wodorod energetikasy boýunça ösen ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gyzyklanýar.
Üçünjiden, Türkmenistanda kiçi we orta ýapon kärhanalarynyň işewürligi ýöretmek, Ýaponiýada türkmen kärhanalarynyň iş alyp barmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýärin. Biz bu teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Ykdysady we işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin bizde ähli şertler bar.
Pursatdan peýdalanyp, ýapon işewürlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrýaryn.
Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, ýurdumyzda ýapon işewürleriniň geljekde-de uly taslamalara giňden gatnaşjakdygyna ynanýaryn. Şu duşuşygy gurandyklary üçin ýaponiýaly dostlarymyza ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Duşuşyga gatnaşyjylara netijeli hyzmatdaşlygy arzuw edýärin.
(Tokio şäheri, 2025-nji ýylyň 15-nji apreli)