Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
Teswirlemeler
Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
Çap edildi 17.04.2025
220

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary Watanymyzyň şanly ýyl ýazgysyna täze sahypa bolup ýazylýar. Bitaraplyk syýasaty ýurdumyza milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi. Bu hukuk derejesi syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Ýokary tehnologiýalara, geljegi uly pudaklara üns berýän ykdysadyýetiň hem-de senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy Türkmenistanyň şu güni we geljegi üçin anyk ugur bolmagynda galýar. Şol ugurlaryň hataryna aragatnaşyk pudagy hem degişlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly, “akylly” ulgamlar we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap şäherde ornaşdyrylan 4G+ internet tehnologiýasynyň işine ak pata berdi.

Milli Liderimize ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary, saglygy goraýyş, bilim, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin ähmiýeti barada hasabat berildi. Bu innowasion tehnologiýanyň bir inedördül kilometr meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar. 5G tehnologiýasynyň «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, bu tehnologiýany işe girizmäge taýýarlyk görmek boýunça “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli çäreler görülýär.

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara tejribäni, 4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilende, maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokary bolup, ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny, onuň tehniki häsiýetnamalaryny öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara onuň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrüň talaplaryna we hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda ulgamlaýyn kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kosmos işi hakynda», «Radioýygylyk spektri hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» we başga-da birnäçe Kanunlar hereket edýär. Döwlet Baştutanymyz sanly we mobil aragatnaşyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmegi möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara bolup durýan “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň giň gerimli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek.

Şu ýylyň fewralynda tassyklanan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça şu ýylda garaşylýan maýa goýumlaryň möçberi 82 million manatdan gowrak bolar. Bu babatdaky görkezijiler “Altyn Asyr” hem-de “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri boýunça, degişlilikde, 37 we 3 million manada deň bolar. Şeýle-de esasy telefon belgileriniň sanyny 613 müň birlige, öýjükli aragatnaşygyň abonentleriniň sanyny 6 müň 700-den gowrak birlige ýetirmek göz öňünde tutulýar. Pudagyň hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki künjekleriniň ilaty üçin hem internete elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirýärler. Netijede, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» täzeçil usulda dowam etdirilip, welaýatlary we şäherleri sanlylaşdyrmagyň, olary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertine öwrülýär.

Ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli ulgamlaryň çekilmegi bilen, aragatnaşyk düzümleriniň sany yzygiderli artýar. 2024-nji ýylyň sentýabrynda Serhetabat — Hyrat ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslama üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberini artdyrmaga, Owganystanyň we Pakistanyň çäginden Hindistana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny geçirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan milli telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga açykdyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa sebitiniň ägirt uly üstaşyr geçirijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam berer. Şu ýylyň 4-nji aprelinde Samarkantda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag-kommunikasiýa pudagynyň strategik ugurlaryň biridigini, Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmegiň munuň esasy bölegi bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, kommunikasiýa ulgamynda Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek zerurlygyndan we mümkinçiliginden ugur alynýar. Şunda Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagy kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýär hem-de bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. “Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda” taslamanyň çäklerinde “X-Road” platformasyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu platforma döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary has çalt we ygtybarly alyşmaga ýardam berer. Şu ýylyň fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzdan üstaşyr ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny geçirmäge amatly şertleriň bardygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny we maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligini goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilendigi barada aýdyldy. Bu babatda degişli işleriň ýola goýulmagy Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder.

Ýurdumyzda «Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar şu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Kibergiňişlikde sanly ulgamyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagy bilen bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen degişli okuwlary, maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar. Agzalan resminama laýyklykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Olar ulanyş babatda amatlylygy we hili boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik-de pes durmaýar.

Öňdebaryjy tehnologiýalar hyzmatlar ulgamyny hem düýpli özgerdýär. Mälim bolşy ýaly, häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, bellige we hasaba almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm bitewi portaly döredildi. Bu portal raýatlara we telekeçilere elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny hödürlemek üçin awtomatlaşdyrylan «Bir penjire» maglumat ulgamy görnüşindedir. Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjylar döwlet hyzmatlarynyň portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP telewideniýe, demir ýol ýa-da awiapetekler, beýleki hyzmatlar üçin öz bank karty arkaly tölegleri töläp bilýärler. Şeýle-de bu ýerde pasportlary, hasaba almalary, iş bilen üpjünçiligi resmileşdirmek, telekeçilik işlerinden başlap, durmuş ugurlaryna çenli ençeme beýleki meseleler boýunça onlaýn görnüşde ýüz tutmak bolýar. “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Olaryň üsti bilen ýurdumyzda bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek bilen, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Gazanylan üstünlikleriň arasynda Türkmenistanyň öz ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemrasyny uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy guwandyryjy wakadyr. Ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny alyp görkezmäge şert döredýär. Ondaky iň täze enjamlar multiserwis aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumyny hödürlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda ikinji milli emeli hemrany döretmek hem-de uçurmak boýunça işler durmuşa geçirilýär.

Bu günki gün ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet kemala getirilýär, senagat düzümi diwersifikasiýalaşdyrylyp, öňdebaryjy ylmy tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän täze kärhanalar hem-de toplumlar döredilýär. Bilim we ylym ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady hil taýdan döwrebaplaşdyrylyp, internetden peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Şeýlelikde, Bitarap Watanymyz geljege tarap ynamly ädimleri ädýär. Türkmenistany dünýä ähmiýetli iri halkara telekommunikasiýa merkezine öwürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän netijeli işler ýurdumyzyň ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
17.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.04
Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
16.04
Adam baradaky alada — Bitarap Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugry
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
16.04
Ýaş nesliň saglygyny goramak we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — ileri tutulýan wezipe
15.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
top-arrow