Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, tennis boýunça ýaş türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Belujistan welaýatynyň Kwetta şäherindäki demir ýol menzilinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň, merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekediniň şanyna ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.