Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 06.06.2025
667

Bismillähir-rahmanir-rahim!
Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli dindarlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da beýgeldýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sarpasy belent hormatly hajy Serdarymyz!

Döwürleriň we nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän Gurban baýramynyň many-mazmunynda nesillerden-nesillere geçirilip gelnen ruhy gymmatlyklarymyz, milli ynanç-ygtykatlarymyz jemlenip, türkmen halky tarapyndan bu mukaddes baýrama watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän baýram hökmünde uly sarpa goýulýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu mukaddes baýramçylygyň şanyna güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde, asylly däplerimize görä, her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary, dürli naz-nygmatlar taýýarlanylýar. Dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyzda her ýyl gurbanlyk sadakalary berlip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman hajy Arkadagymyzyň hem-de hormatly Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Siziň halkymyzyň we tutuş adamzadyň abadançylykly ösüşiniň we ýagty geljeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagy, ýurt abadançylygy üçin alkyş-dilegler edilýär. Munuň özi beýik ynsanperwer däpleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň esasynda jemgyýetimiziň sazlaşykly gülläp ösýändigini tassyklaýar.

Mähriban Arkadagly hajy Serdarymyz!

Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli döwrebap özgertmeler, beýik işler amala aşyrylýar. Siziň taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda depginli ösüşler gazanylýar, il-günümiziň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda döwrebap senagat-önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary giň gerimde gurulýar. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy geljek nesillere ýetirmek, asyrlardan-asyrlara ýetip gelen kämil we gaýtalanmajak maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Siziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan daşary syýasy ýörelgeleriňiz esasynda halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Siziň döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli işleriňiz eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de onuň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz!

Türkmen halkynyň milli ýörelgeleri öz gözbaşyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýar. Milli ýörelgeler türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Merdana halkymyzyň mertebesini has-da beýgeldýän döwletli ýörelgeler milli buýsanjymyzdyr we asyrlaryň dowamynda kemala gelen durmuş kadalarymyzyň esasydyr. Siziň ýakyndan beren hemaýat-goldawlaryňyz bilen, yslam dünýäsiniň özboluşly merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde haj ybadatlaryny berjaý etmekleri üçin şu ýyl hem Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topar doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberildi.

Siz Ýer ýüzüne uzaýan parahatçylyk, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk ýollary arkaly dünýä halklaryny has-da jebisleşdirýärsiňiz. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilip, müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyz hem-de Siziň ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyz Ýer ýüzünde giňden dabaralandyryldy.

Siziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyňyz, eziz Watanymyza ak ýürekli, yhlasly hyzmat etmek, özbaşdak, erkin, garaşsyz ýurdumyzyň üstünliklerine, şöhratly geçmişimize, bagtyýar şu günümize, röwşen geljegimize buýsanmak dogrusyndaky taglymatlaryňyz, jemgyýetimiziň hemme wekilleri bilen birlikde, ähli dindarlary hem beýik işlere, beýik ösüşlere galkyndyrýar, hormatly Arkadagly hajy Serdarymyz, Size bolan buýsanjymyzy has-da belende göterýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi adamzadyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän Gurban baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys.

Hormatly Arkadagly hajy Serdarymyz, Gudraty Güýçli Allatagala Siziň janyňyzy sag, başyňyzy dik, ömrüňizi uzak, mertebäňizi belent etsin, gözden-dilden, görner-görünmez howp-hatarlardan gorap, öz penasynda aman saklasyn! Il-ýurt bähbitli işleriňizi hemişe rowaç eýlesin, ähli tutumly işleriňizi durmuşa geçirmäge egsilmejek güýç-kuwwat bersin!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň ähli dindarlarynyň adyndan 
Türkmenistanyň müftüsi Ý.HOJAGULYÝEW.

Soňky habarlar
29.07
Parlamentara dialog — parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly
28.07
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
28.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
27.07
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
26.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
25.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.07
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
25.07
Hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi
25.07
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow