Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 05.06.2025
1603

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňiz, Sizi ähli yslam dünýäsi üçin rehimdarlygyň, jomartlygyň hem-de hoşniýetliligiň nyşany bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Bu sahawatly günlerde umumy taryhymyz, dilimiz, dinimiz we medeniýetimiz bilen aýrylmaz baglanyşykly doganlyk halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de durnukly ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram yslam dininiň ýokary ahlak taglymlaryny we köp halklaryň gadymy taryhynyň hem-de medeniýetiniň iň gowy däplerini özünde jemleýär.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durnukly ösüşi üpjün edýän we ýurduň halkara abraýyny belende galdyrýan möhüm durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Goý, bu mübärek günde Beýik Biribar Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk eçilsin! Size jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de dostlukly türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlamaga şatdyryn. Tutuş musulman ymmatynyň täze umyt-arzuw bilen garaşýan bu ajaýyp baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Gurban baýramynyň ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, rehimdarlyk, haýyr-sahawat hem-de özara goldaw bermek ýaly belent ruhy taglymlarynyň geljekde-de biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, şu baýramçylyk günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow