Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Sizi umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän belent ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, agzybirlikde ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyz mukaddes Gurban baýramyny milli däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda giňden belleýär. Ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu baýramyň şanyna üç günüň dowamynda welaýatlarymyzyň merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda, dünýäniň iň owadan şäherlerine öwrülen Aşgabadyň we Arkadagyň seýilgählerinde, medeni merkezlerinde, teatrlarynda şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrýan baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri uly dabaralar bilen geçirilýär. Toý günlerinde her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Ýer ýüzündäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, bagtyýar durmuşymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin gurbanlyk sadakalary berlip, aýat-töwir okalýar, ýagşy dilegler edilýär.
Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek, namaz okamak, oraza tutmak ýaly mukaddes borçlaryny hem-de parz amallaryny göwnejaý berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda hem yslam dünýäsiniň merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde tagat-ybadatlaryny, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesini Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberdik. Bu işleriň ählisi adamzat taryhynyň bütin dowamynda parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýeren halkymyzyň gadymyýetden gelýän, durmuş kadalaryna esaslanýan hem-de häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan medeni mirasymyza, ýokary ruhy gymmatlyklarymyza we asylly däplerimize üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.
Eziz watandaşlar!
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen nesilleriň hem-de döwürleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän, halkymyzyň dünýägaraýşyna düýpli ornaşan hem-de ynsanperwerligi, agzybirligi, haýyr-sahawatlylygy, ak ýürekliligi, lebzihalallygy, zähmetsöýerligi, ruhy we ahlak arassalygyny dabaralandyrýan durmuş ýörelgelerimiz, milli gymmatlyklarymyz halklary baglanyşdyrýan we doganlaşdyrýan köprä öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Milli Liderimiziň bu ýoluny mynasyp dowam etdirip, uzak geljegi nazarlaýan hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan özgertmeleri amala aşyrýarys. Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarys. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrýarys. Her bir ynsanyň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän we mertebesini beýgeldýän gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeldýäris. Parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasatymyz arkaly dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrýarys. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň esasynda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu asylly işler eziz halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarymyzy we beýik medeniýetimizi dünýä giňden tanadýar.
Hormatly adamlar!
Sizi Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde abraýy barha belende galýan ata Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglygyny, uzak ömür, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.