Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watanyň we halkyň öňünde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin döwlet sylaglary
Jemgyýet
Watanyň we halkyň öňünde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin döwlet sylaglary
Çap edildi 25.09.2023
2132

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda we baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin ildeşlerimiziň birnäçesi “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary bilen sylaglanyp, hormatly atlara mynasyp boldular. Döwlet sylaglarynyň we hormatly atlaryň dabaraly gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tejribesini, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny Watanymyza hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna ýurdumyzda aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maksada okgunly, zehinli, öz borjuna wepaly, watansöýüji şahsyýetler ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.

Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri milli gymmatlyklara, däp-dessurlara, taryhy mirasa hormat goýmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik ruhunda terbiýelemekde, bilim bermekde bitiren uly hyzmatlary üçin “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan zenanlaryň hem-de “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakylan ýaşuly nesliň wekilleriniň goşandy aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary ýetip gelýän beýik baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginlerde ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny belende götermekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň uly goşandynyň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyz hormat-sylaga mynasyp bolýarlar. Halkymyzyň joşgunly we döredijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyz gün-günden gülläp ösýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän ýylda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalar, senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak babatda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalary, ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalary ulanmaga berilýär. Watanymyzyň sebitlerinde, hatda iň alys künjeklerinde hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanmagy ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Çärä gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul edip, çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özleriniň ähli gujur-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.

***

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.

Her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda medeniýet işgärlerini döwlet derejesinde sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň yzygiderli ösüşine döredijilik işgärleriniň goşýan goşandynyň ähmiýetini aýdyň şöhlelendirmek bilen, aýratyn baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz ýeňijileri şu günki waka we ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen mübärekläp, Gutlagynda: “Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň döwrebap ösüşleri bagtyýar raýatlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda, medeni-ahlak gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda, halkymyzyň ruhy bitewüligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar” diýip nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlary we “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karary okaldy. Bäsleşigiň ýeňijileri, aýdym-saz toparlarynyň ýolbaşçylary, şahyrlar we ýazyjylar, aýdymçylar, sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler döredijilikli işlemäge, hünär derejesini ösdürmäge döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň we edebiýatymyzyň ösdürilmegi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagy, döwrebap eserleriň döredilmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Edebiýatda, žurnalistikada, aýdym-saz, teatr, şekillendiriş sungatynda eziz Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, agzybirligini we jebisligini wasp edýän, geljekki üstünliklere ruhlandyrýan täze eserler döredilýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, özleriniň zähmetlerine berlen ýokary baha we ýadawsyz üns-aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we mundan beýläk-de eziz Watanymyzyň bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini, ussatlyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Sahna ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çykyşlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary ösdürmäge täze gözýetimleri açan parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň, döwrümiziň özboluşly senasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
05.12
Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat
05.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
04.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.12
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
04.12
Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
top-arrow