Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy.
Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.
Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.
Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda german kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy.
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäde iň beýik «Burj Halifa» diňiniň ýüzünde ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekili şöhlelendirildi. Örän täsirli şöhlelenme beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dost-doganlygyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Metal gurluşdan ybarat 180 metrlik sütünli ägirt uly bu bina Dubaý şäheriniň esasy işewürlik merkezidir.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda Watanymyz dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çärelerdir dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, owadan bezelen neşirler çap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe žurnallar, şol sanda şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy» atly ýörite žurnal, şeýle-de «Sustainable Development Goals News» we «Business Central Asia» atly halkara žurnallar neşir edildi. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky hem-de Hindistandaky ilçihanalary bu neşirleri taýýarlamaga ýardam berip, olary zerur bolan maglumatlar bilen üpjün etdiler.