Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy
Jemgyýet
Täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy
Çap edildi 31.05.2024
891

Şu gün Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Merkeziň açylyş dabarasy ajaýyp baýramyň — Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu sene köp döwletlerde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem her ýylyň 1-nji iýunynda dabaraly bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligi bilen raýdaşlygyň, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy ýörelgelerine ygrarlylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi. Bu ýörelgeleriň BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýada berkidilendigini bellemek gerek. Türkmenistan bu Konwensiýany 1994-nji ýylda tassyklap, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmäge jogapkärçilikli garaýandygyny subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni ösüşde iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby welaýatlaryň etraplarynyň, etrap hukukly şäherleriniň arasynda ýeňiji boldy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu serişdeler şu gün dabaraly açylýan çagalar dynç alyş merkeziniň gurluşygyna we ondaky desgalaryň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirildi.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Toý lybasynda bezelen täze toplumyň çäginde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanyp, şatlyk-şowhun höküm sürdi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, çagalary aýratyn üns, mähir we alada bilen gurşamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda gadymdan gözbaş alýan däplere eýerilip, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olar üçin abadan durmuşy üpjün etmäge, ýaşlaryň intellektual kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän strategik döwlet maksatnamalary hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu gurama we onuň iri düzümleriniň biri bolan Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. BMG-niň möhüm Konwensiýalarynyň hem-de Teswirnamalarynyň tutuş toplumyny, şol sanda halkara hukuk resminamalaryny tassyklap hem-de eneligi we çagalygy goramagyň, çaganyň hukuklarynyň meseleleri bilen gönüden-göni baglanyşykly kanunçylyk namalaryny kabul edip, döwletimiz bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär.

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalar döwlet Baştutanymyzyň türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ilkinji nobatda, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemäge degişli meselelere uly üns berýändigini aýdyň görkezýär. Çagalar üçin bilim edaralary, sport, medeni we dynç alyş merkezleri gurulýar. Bu sebitde ýüzlerçe çaganyň dynç alyp, wagtyny şatlykly geçirmegine mümkinçilik berjek “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi bilen bagly şu günki dabara ýaşajyk raýatlara nobatdaky ajaýyp sowgat boldy. Bu ýerde çagalaryň wagtyny şatlykly, işjeň, manyly geçirmekleri üçin ähli şertler bar.

Toplum çagalar dynç alşynyň guralmagy babatda häzirki zaman talaplaryna we gurluşyk ülňülerine laýyklykda gurlupdyr. Dynç alyş merkezinde maşgala bolup dynç almak üçin hem amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde ulular, eýýäm kiçi ýaşdan başlap işjeň dynç almak, sport bilen meşgullanmak endiklerini kemala getirýän çagalar öz boş wagtyny gyzykly we şadyýan geçirip bilerler. Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, oýun enjamlarynyň zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany we beýlekiler ýerleşdirilipdir. Bu ýere gelýänler üçin baglaryň saýasynda amatly oturgyçlar hem goýlupdyr.

Çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy Magtymguly etrabynyň ähli ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Onuň dowamynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Döredijilik toparlary myhmanlar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarlapdyrlar. Ýaşajyk aýdymçylar, tansçylar, artistler aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlarynda ajaýyp sowgat, şeýle hem ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi ugrundaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bagşy-sazandalaryň çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow