Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.
Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin iň gyzykly teklipleri hödürleýärler. Şolaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar bar. Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Hut şu ýörelge bu gezekki serginiň aýratynlygyny kesgitledi. Onuň işine türkmen hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň netijesinde, Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilendigini bellemek gerek. Muny Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýäde mermer örtülen binalaryň iň köp ýygnanan şäheri hökmünde orun almagy hem aýdyňlygy bilen subut edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär. Paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk, sport maksatly desgalar, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir baş şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda hem möhüm orna eýe bolýar. Baýramçylyk mynasybetli Aşgabatda täze binalaryň we desgalaryň, şol sanda Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň ulanmaga berilmegi-de munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
...Söwda-senagat edarasynyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagdaýy emele geldi: sazyň owazy ýaňlanýar, döredijilik toparlary halk tanslaryny ýerine ýetirýärler, milli lybasly gyzlar myhmanlara milli tagamlary hödürleýärler. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, türkmen we daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek ugrunda giň möçberli çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Ýurdumyzyň baş şäheri özboluşly binagärlik çözgütleri esasynda täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onda gözellik, oňaýlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inženerçilik-tehniki gazanylanlar, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri utgaşykly sazlaşýar.
Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter enjamlary, aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagaty, ekologik meseleleri çözmekde gazanylan üstünlikler görkezilýär.
«Ýaşyl» ösüş strategiýasy öňdebaryjy tejribä hem-de köpasyrlyk milli däp-dessurlara daýanýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady, durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ekologik ösüş konsepsiýasy ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşykda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga hem-de Watanymyzyň rowaçlanmagyna gönükdirilendir. Ekologik meseleleri çözmekde türkmen döwletiniň tejribesi köp ýurtlar, ilkinji nobatda, senagat taýdan ösen döwletler üçin ýolgörkeziji bolup durýar.
Sergide nahallary ösdürmek, seýilgäh germewlerini, timarlaýyş serişdelerini, bezeg gurnawlaryny, mebelleri, aşhana enjamlaryny, aýnadan ýasalan önümleri taýýarlamak bilen meşgullanýan kärhanalaryň diwarlyklary we harytlary ýerleşdirilipdir. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde häzirki zaman şäheriniň gündelik durmuşynda ulanylýan ähli zatlar bar. Şäher hojalygynyň möhüm bölegi bolan aragatnaşyk we ulag pudagynyň edaralary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Paýtagtymyzy dünýä ýurtlary bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgeleri şol ulgama degişlidir. Aýratyn bölüm ýol gurluşygyna bagyşlanýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda ulag düzümini döretmek boýunça giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýol aýrytlary — gurluşygy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri, iň täze tehnologiýalary talap edýän desgalar bina edilýär. Şoňa görä-de, sergide ýurdumyzyň möhüm ýollarynda köpri geçelgelerini, ýol aýrytlaryny gurmaga ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň, bu ulgamda Türkmenistan üçin öz nou-haularyny teklip etmäge taýýar bolan öňdebaryjy daşary ýurt kärhanalarynyň diwarlyklary uly gyzyklanma döretdi.
Binagärlik we gurluşyk, şol sanda ýol gurluşygy ulgamynda iň soňky ylmy işläp taýýarlamalary, innowasiýalary, dürli tehnikalary hem-de ýöriteleşdirilen enjamlary özünde jemleýän köp sanly diwarlyklar bilen tanyşlyk türkmen paýtagtynyň geljegine göz aýlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ulgamda iň täze inženerçilik-gurluşyk tehnologiýalary zerur bolup durýar. Häzirki zaman senagat we elektron enjamlaryny öndürijiler bolan «Aýdyň gijeler» we «Agzybirlik tilsimaty» hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklary myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.
Dürli ulgamlarda — oba hojalyk we azyk pudaklaryndan başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen meşgullanýan ýurdumyzyň telekeçileridir haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamagy we höweslendirmegi netijesinde, Türkmenistanda olaryň sany ýylsaýyn artýar.
Häzirki wagtda türkmen gurluşykçylary tarapyndan häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňüleri giňden ornaşdyrylýar, bina edilýän desgalar zerur bolan ähli kommunikasiýalar bilen üpjün edilýär, degişli düzümler ösdürilýär. Welaýat merkezleriniň keşbi hem gözümiziň alnynda özgerýär, ak mermerli paýtagtymyzda ajaýyp binalar, durmuş ulgamyna degişli desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ulanmaga berilýär. «Ajaýyp gurluşyk», «Nur bina gurluşyk», «Baýly gurluşyk», «Beýik bina», «Ojar Aziýa» ýaly hususy kärhanalar öz diwarlyklarynda durmuşa geçirilen hem-de geljekde amala aşyryljak taslamalary görkezýärler. Bu hususy düzümler paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuş, önümçilik desgalarynyň ençemesini bina etdiler. Häzirki wagtda işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin has amatly şertler döredildi. Milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, maýa goýum işi höweslendirilýär. Munuň üçin, elbetde, Diýarymyzyň örän baý tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşmegi giň mümkinçilikleri açýar.
Azyk, obasenagat, söwda toplumlary tarapyndan görkezilýän we beýleki köp sanly bölümler sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Sport, syýahatçylyk, sport enjamlarynyň senagaty, sagdyn durmuş ýörelgeleri ugrunda gazanylanlary görkezýän diwarlyklaryň ýany hem köp adamly boldy.
Bilim ulgamynyň adyndan sergä gatnaşyjylar täze işläp taýýarlamalary, synag taslamalaryny, awtorlyk maksatnamalaryny, usuly we okuw gollanmalaryny görkezdiler. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy hem bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Onda ýurdumyzyň döwrebap çaphana we neşir önümleri görkezilýär. Şunda çagalar üçin niýetlenen çeper eserlere, Türkmenistan hakyndaky ylmy-populýar kitaplara aýratyn orun berlipdir. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary aýratyn orun eýeleýär. Şolaryň köpüsi dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi bilen, daşary ýurtlarda-da giň meşhurlyga eýe boldy. Milli dokma we elde dokalan döwrebap haly önümleri, halk senetçiliginiň önümleri, Dokma senagaty ministrliginiň harytlary-da myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.
Daşary ýurtlardan sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Bouygues Turkmen», «Gap Inşaat», «Rönesans», «Çalyk Enerji», “Wozroždeniýe” kompaniýalary ýaly Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary bar. Açyk sergi meýdançalarynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli awtoulaglary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerdäki sergi bölümlerinde bank programma üpjünçiligi, gurluşyk enjamlary, halkyň sarp edýän önümleridir harytlary mahabatlandyrylýar.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň geljegi uly meýilnamalary häzirki wagtda iri daşary ýurt maýadarlarynyň hem-de potratçylarynyň, önüm öndürijileriniň, işewürler toparlarynyň has uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Olar Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler. Şu gezekki sergi hem şähergurluşyk, şäheriçi ulag ulgamlaryny, aragatnaşygy we kommunikasiýalary, durmuş, söwda, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüler. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara Aşgabadyň senagat, medeni, aň-paýhas mümkinçilikleri, ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini özünde jemleýän Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Ertir sergi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy bolar.