23.07
2015
Golaýda Aşgabatda geçirilen iri saglygy goraýyş forumlary giň jemgyýetçilik seslenmesini döredip, şol günlerde dünýä metbugatynda peýda bolan köpsanly makalalarda öz beýanyny tapdy.
22.07
2015
Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe we ” Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu maslahat köp adam ýygnady.
22.07
2015
Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Žurnal Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we medeniýet, sungat ulgamlarynda hem-de maglumatlary alyşmakda önjeýli we işewür aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly goşant goşýar.
20.07
2015
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan üçin şanly senäniň - “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20-ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň hümmeti 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumyny çykardy.
19.07
2015
Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gallaçylyk pudagynda ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Ony Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.
19.07
2015
Aşgabat, 19-nj iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan “Saglyk-2015” halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
18.07
2015
Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün gadymy türkmen topragynda, tutuş musulman dünýäsinde bolşy ýaly, 30 günläp dowam eden mukaddes Oraza aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan röwşen Oraza baýramy bellenilýär.
17.07
2015
Möhüm jemgyýetçilik syýasy çäräni – Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny hem-de aýry-aýry saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny geçirmegiň senesine çenli bir aýdan hem az wagt galdy
16.07
2015
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolan giňişleýin mejlisinde Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselä deglip geçip, bu çäreleriň syýasy taýdan uly ähmiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini şertlendirýär.
14.07
2015
Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bitaraplyk syýasaty esasynda ýurdumyzyň gazananlaryna bagyşlanan makalalaryň sany köpelýär.