Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Altyn Asyr” oba ýerlerinde ykjam aragatnaşygyň hilini gowulandyrmak maksady bilen 2G we 3G ülüňli beketleriň ýenede 100-sini oturdar
Jemgyýet
“Altyn Asyr” oba ýerlerinde ykjam aragatnaşygyň hilini gowulandyrmak maksady bilen 2G we 3G ülüňli beketleriň ýenede 100-sini oturdar
Çap edildi 01.03.2017
1865

Ýurdumyzyň öýjükli “Altyn Asyr” aragatnaşyk ulgamynyň belgileriniň sany artdyrylýar. Eger-de, 2007-nji ýyldas bu ulgamdan peýdalanýanlaryň sany 35 müňe deň bolanlygyndan, häzirki wagta çenli olaryň sany 5 milliona ýetdi. Diňe geçen ýylyň dowamynda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 430 müň artdy, Internete peýdalanyjylaryň 198 müňden gowragy birikdirildi. Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň köp şahaly görnüşi üstünlikli işleýär. Häzirki wagtda aragatnaşygyň bu görnüşi ýurdumyzyň çäginiň 97 göterimini eýeleýär. 2016-njy ýylda binýatlaýyn beketleriň 160-sy gurnaldy. Türkmen hünärmenleri tarapyndan alysda ýerleşýän oba ýerlerinde öýjükli aragatnaşygy ösdürmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Diňe Ahal welaýatynyň obalarynda aragatnaşygyň hilini gowulandyrmak maksady bilen şu ýyl 2G we 3G ülüňli beketleriň 40-sy gurnaldy. Ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatyny üpjün etmek üçin beýleki welaýatlarda hem öýjükli aragatnaşyk beketleriniň ýene-de 60-sy oturdylar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow