Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan sanly bilim ulgamyny we elektron bilimiň serişdelerini ösdürer
Jemgyýet
Türkmenistan sanly bilim ulgamyny we elektron bilimiň serişdelerini ösdürer
Çap edildi 24.02.2017
1960

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täzeden bellenen, bilim we ylym ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda milli ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzady. Döwlet Baştutanymyz şu wezipelerden ugur alyp, sanly bilim ulgamyny giňden ösdürmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, bu babatda esasy wezipeleri kesgitledi. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow