Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
14.07 2015
Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolan giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmegi 2015-nji ýylyň 11-nji iýuly-26-njy awgusty aralagynyda guramak hem-de okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.
11.07 2015
Nýu-Deli şäherinde (Hindistan Respublikasy) çap edilýän hem-de Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly, şeýle hem sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan “Business Сentral Asia” halkara žurnaly öz iýun aýyndaky sanyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gazanan üstünliklerine bagyşlady.
08.07 2015
Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde haýwanlaryň sany köpeldi. Saryja we Akja atly ýolbarslar täze nesil berdiler. 26-nji iýunda üç sany ýolbars çagajyklary dünýä indi.
04.07 2015
Türkmenbaşy, 4-nji iýul (TDH). Şu gün agşam Awaza milli syýahatçylyk zolagynda şypahana düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu ýerde deňiz kenaryna bezeg beren seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy.
29.06 2015
Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Türkmen paýtagtynyň şu günki güni halkymyzyň beýik Arkadagy—milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän mähriban Watanymyzyň keşbini düýpli özgerden beýik işlere bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna beslendi.
24.06 2015
Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa” atly täze kitaplary çapdan çykdy.
22.06 2015
Mary, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Döwlet baýdagynyň sütüniniň açylyş dabarasy aýdyň öwüşginli baýramçylyga öwrüldi.
22.06 2015
Pekin, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň dunganöwreniş ylmy instituty we Pekiniň milli bilim ösüş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi.
20.06 2015
Bagabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça çäre geçirildi. Munuň özi neşe serişdeleriniň ulanylyşyna, ýaýradylyşyna we onuň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Halkara gününe bagyşlanyldy.
18.06 2015
“Türmken atlary” döwlet birleşiginiň Halkara atçylyk sport toplumy “Intellektual eýeçiliginiň çäginde iň gowy kärhana” atly baýraga mynasyp boldy. Bu abraýly halkara baýragy Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy (WIPO) tarapyndan döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň bu hökümetara ýöriteleşdirilen guramasy intellektual eýeçilik ulgamynda esasy halkara konwensiýalaryň birnäçesini dolandyrmak bilen meşgullanýar.
169 sahypa
Soňky habarlar
14.01
Ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy