11.12
2017
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde geçiren birnäçe gözleg işleriniň netijesinde ele salnan neşe hem-de neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Ýurdumyzyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy toparyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki döwrüň örän howply wehimleriniň birine garşy durmak babatda alyp barýan işleriniň subutnamasyna öwrüldi.
11.12
2017
Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, migrasiýa syýasatynyň meseleleriniň netijeli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
09.12
2017
Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda dekabryň başynda bolup geçen halkara ýaryşlarynyň baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
08.12
2017
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 1690 adam türkmen raýatlygyny kabul etdi. Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.
26.11
2017
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň nobatdaky – 10-njy tomy türkmen we rus dillerinde çapdan çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanylan bu kitapda döwlet Baştutanynyň 2016-njy ýyldaky 100-e golaý işi – maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, interwýulary, gutlag hatlary seneleýin yzygiderlilikde ýerleşdirildi.
24.11
2017
24-nji noýabrda geçirilen hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawuny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnamany durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.
24.11
2017
Türkmenistanyň medeniýet ulgamy Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek işlerini alyp barýar. Däp boýunça durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary dekabryň bu baýramçylyk wakalaryna gabatlanylar.
24.11
2017
Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnaly döredildi. Ol geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap ediler. Hökümetiň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.
24.11
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer A. Garajaýewe hem-de ylym we bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe Türkmenistanyň çäklerinde halkara arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
22.11
2017
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän awtomobil sporty merkezine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny synlady. Täze awtoulaglaryň IIM-niň garamgyndaky Awtosport merkeziniň ygtyýaryna gelip gowşandygy barada içeri işler ministri I.Mulikow Howpsuzlyk geňeşiniň düýn geçirilen göçme mejlisinde habar berdi, ol döwlet Baştutanymyza bu topluma baryp görmek hem-de täze awtoulaglary gözden geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.