Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
We­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň tej­ri­be­si Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da
Jemgyýet
We­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň tej­ri­be­si Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da
Çap edildi 03.06.2018
3318

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni esas­lan­dyr­mak ha­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň sport, jem­gy­ýet­çi­lik hem-de ha­bar­lar to­par­la­ry­nyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, hu­su­san-da, we­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mek­de ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­ne we türk­men Li­de­ri­niň şun­da eýe­le­ýän or­nu­na, şeý­le hem ge­çi­ril­ýän de­giş­li çä­re­le­re gy­zyk­lan­ma­la­ry has-da art­dy. Il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da, 1-nji iýun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan paý­tag­ty­myz­da­ky kö­pu­gur­ly “Aş­ga­bat” sta­dio­nyn­da we­los­port bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin tür­gen­le­şik sa­pa­gy ge­çi­ril­di, ony Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri we­los­port bo­ýun­ça dün­ýä­de gu­ra­lan iň köp­çü­lik­le­ýin tälim beriş sapagy hök­mün­de ha­sa­ba al­dy­lar. Giň möç­ber­li we­lo­si­ped çä­re­si­ne 3 müň 246 adam gat­naş­dy, ýyg­na­nan­lar okuw-tür­gen­le­şik sa­pa­gy­nyň bar­şyn­da we­lo­si­ped sür­mek­de tür­gen­leş­di­ler, ula­gyň bu gör­nü­şi­niň hä­zir­ki za­man lo­gis­ti­ka şert­le­rin­de eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry hem-de şä­her­le­riň kö­çe­le­rin­de we­lo­si­pe­di howp­suz sür­me­giň ka­da­la­ry­ny öz­leş­dir­di­ler. Bu çä­re Türk­me­nis­tan­da ýö­rel­gä öw­rül­ýän me­ýil­le­riň aja­ýyp be­ýa­ny boldy, şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry has peý­da­ly we eko­lo­gi­ýa taý­dan amat­ly we­lo­si­ped­den peý­da­lan­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýar­lar. Türk­me­nis­tan­da şeý­le me­ýil­le­riň ös­me­gi da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň ün­sü­ni çek­di, olar şä­her­ler­de we­lo­si­ped ula­gy­nyň dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Fran­si­ýa­nyň “SMOOVE” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri Aş­ga­bat­da hem-de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da we­lo­si­ped­le­ri kä­ren­dä ulan­ma­ga ber­me­giň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar. Ola­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, bi­ziň ýur­du­myz­da we­lo­si­ped sür­mek üçin dö­re­di­len örän oňat şert­ler we­lo­si­ped­çi­le­riň howp­suz­lyk ka­da­la­ry­na we şä­her­le­riň ýol dü­züm­le­ri­ne ky­bap gel­ýär. Myh­man­la­ryň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da sport köp­çü­lik­le­ýin hä­si­ýe­te eýe bo­lup, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň baş ny­şa­ny­na öw­rül­ýär. We­los­port hem türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­mu­şyn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­di, äh­li ýaş­da­ky adam­lar üçin el­ýe­ter­li bo­lan ula­gyň bu gör­nü­şi sag­lyk üçin örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir hem-de be­den taý­dan tap­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mas­la­ha­ty­nyň 82-nji mej­li­sin­de 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Re­zol­ýu­si­ýa­nyň ka­bul edil­me­gi sport we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­mek, bu ul­gam­da döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän öň­de­ba­ry­jy or­nu­na dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň spor­ta, oza­ly bi­len, yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­me­giň iň go­wy se­riş­de­si hök­mün­de aý­ra­tyn uly üns ber­me­gi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän dur­muş sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar, dur­mu­şyň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, sag­dyn hem-de be­lent ruh­ly nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bu sy­ýa­sa­tyň baş we­zi­pe­si­dir. Ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ägirt uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ri­len Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de hä­zir­ki za­man ýa­pyk we­lot­re­gi bi­na edil­di. Onuň we­lo­si­ped ýo­da­jyk­la­ry äh­li öl­çeg­ler bo­ýun­ça de­giş­li hal­ka­ra stan­dart­la­ra hem-de şu­nuň ýa­ly des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän döwrebap ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Bu ýer­de dö­re­di­len şert­ler iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. We­lo­si­ped top­lu­my­nyň çä­gin­de äh­li ze­rur dü­züm­ler — 6 müň orun­lyk to­ma­şa­çy­lar mün­be­ri, tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler, teh­ni­ki hem-de hyz­mat ediş iş­gär­le­ri üçin ýö­ri­te otag­lar göz öňün­de tu­tul­dy. Şeý­le­lik­de, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň bin­ýa­dyn­da ýa­pyk we­lot­re­giň işe gi­ri­zil­me­gi mil­li we­lo­si­ped spor­ty he­re­ke­ti­niň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy, şu­nuň ýa­ly des­ga Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek gu­rul­dy. Bu des­ga­nyň hi­li­ne di­ňe bir mil­li de­re­je­li ýa­ryş­la­ra hem-de “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­lar däl-de, we­lo­si­ped­çi­le­riň Hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­ri hem ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler we bu ýer­de 2019-njy ýyl­da dün­ýä çem­pio­na­ty­ny gu­ra­ma­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” şy­ga­ry bi­len gu­ral­ýan be­den­ter­bi­ýe-sport hem-de jem­gy­ýet­çi­lik-me­de­ni çä­rä­niň çäk­le­rin­dä­ki we­lo­si­ped bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi ozal gör­lüp-eşi­dil­me­dik ge­ri­me hem-de ok­gun­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Adam sag­ly­gy­ny, oza­ly bi­len bol­sa, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil hak­da­ky ala­da­ny döw­let äh­mi­ýet­li il­kin­ji we­zi­pe hök­mün­de yg­lan eden hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň hem-de ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ok­gun­ly hä­si­ýet ber­di. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li we­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry we çä­re­le­ri ýaş­la­ryň bar­ha köp ­san­ly­sy­ny spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­ýär, bu çä­re­le­riň ägirt uly ge­ri­mi bol­sa türk­me­nis­tan­ly­lar­da sport döw­le­ti hök­mün­de ab­ra­ýy­ny art­dyr­ýan ata Wa­ta­ny­my­za be­lent buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow