Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasy ýerine ýetirilýär
Jemgyýet
Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasy ýerine ýetirilýär
Çap edildi 06.06.2018
2497

Şu gün Tagtabazar etrabynda häzirki zaman suw arassalaýjy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, desgany “Aby-Köwser” hojalyk jemgyýeti bina etdi. Bir gije-gündizlik kuwwaty 15 müň kubmetr agyz suwuny arassalamaga deň bolan toplum ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün eder. Suw serişdelerini tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna suwdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasynyň” möhüm ugry bolup durýar, munuň özi ozaly bilen ekologiýa abadançylygynyň saklanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek meseleleri Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy, ol halkyň durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar, bularyň ählisi iri taslamalaryň birnäçesiniň – suwy arassalamak boýunça kärhanalaryň, suw howdanlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda iş ýüzünde amala aşyrylýar. Desganyň umumy meýdany 3,2 gektara deňdir. “Ýaşlyk” we “Marçak” ýerasty suw ýataklaryndan suw açyk görnüşli ýörite howuzlara akdyrylýar, olaryň her biriniň göwrümi 3 müň kub metre barabardyr. Agyz suwy sarp edijilere eltilmeginden ozal arassalaýşyň ähli tapgyrlarynda kärhananyň himiýa we baktereologiýa barlaghanalarynda içgin barlagdan geçiriler we düzümi seljeriler. Suw arassalaýjy toplumda täze iş orunlarynyň 40-synyň döredilendigini hem bellemek gerek. Tehnologiýa talaplaryna laýyklykda, suw birnäçe gezek arassalanylar, süzgüçlerden geçiriler hem-de zyýansyzlandyrylar. Ähli işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylar. Toplum Çehiýanyň we Türkiýäniň belli önüm öndürijileriniň häzirki zaman sorujy enjamlarynyň onlarçasy, süzgüçler hem-de beýleki enjamlar bilen üpjün edildi. Desga 60 müň adamdan gowrak ilatly Tagtabazar etrabynyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder. Taslamada göz öňünde tutulyşy ýaly, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy bilen bir wagtda, ilatly ýerlere täze suw geçirijiler hem çekildi. Şu gün täze gurluşygyň çäginde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Ähli ölçegler boýunça halkara ülňülere laýyk gelýän suw arassalaýjy desga ulanmaga berilmegine taýýar edildi. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary bilen bu ýere ýygnananlary begendirdiler. Suw arassalaýjy toplumyň işgärleri telekeçiligi höweslendirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi, oba ýaşaýjylary barada hemmetaraplaýyn aladasy, türkmen halkynyň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler. Bularyň ählisi suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak babatynda Türkmenistanyň ýokary ylmy mümkinçilikleri bilen bilelikde bu ugurda geçirilýän işleriň netijeliligini we hilini täze derejä çykarmaga, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sebitleriniň okgunly ösüşini üpjün etmäge kömek edýär. Dabaranyň çäklerinde aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow