Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine
Jemgyýet
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine
Çap edildi 05.06.2018
2102

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döwletimiziň ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, daşky gurşawy arassa saklamak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny ylmy taýdan düýpli öwrenmek we olary has-da baýlaşdyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle gatnaşyklar bu gün — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer ýörelgeleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Mähriban watandaşlar! Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasynyň esasynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri durýar. Daşky gurşawdaky tebigy deňagramlylygy saklamazdan bolsa, şeýle maksada ýetmek mümkin däl. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Eziz watandaşlar! Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatynda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly abraýly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça geçirilen ýokary derejedäki maslahatynda we halkara forumlarynda Türkmenistan daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä ähmiýetli täze başlangyçlaryny we tekliplerini beýan etdi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara ylalaşygynyň, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi, häzirki wagtda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna we onuň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi Türkmenistanyň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bellenýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we gözel Diýarymyzda daşky gurşawy gorap saklamak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow